DÜNÝÄ

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, ak bazarlarda, dükanlarda guralan göçme söwda nokatlarynda gyzgalaňly söwdalaryň gerimi barha giňäp başlady. Olarda döredilen haryt bolçulygy, önümleriň görnüşlere baýlygy ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.

Diýarymyzyň bazarlarynda, söwda merkezlerinde we dükanlarynda ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň bolçulygy bilen bir hatarda, baýramçylyk sowgatlarynyň we bezegleriniň ýöriteleşdirilen söwda nokatlary şu günler köp adamlylygy bilen tapawutlanýar.

Gök öwüsýän arçalar, olary bezemek üçin dürli oýunjaklar, yşyklandyryjylar baýramçylyk söwda nokatlaryna özboluşly bezeg berýär. Şeýle hem olaryň ýanynda sebetlerde, sandyklarda hem-de başga-da milli öwüşgindäki dürli gaplarda ýerleşdirilen sowgatlyk önümler ilata hödürlenilýär. Bu ýerde alyjylaryň islegine görä sowgatlyklar hem taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri tarapyndan öndürilen dürli görnüşli süýjülikler, şokoladly we konditer önümler sowgatlaryň esasy bölegini düzýär. Halkymyzda toý-baýramlary süýjülikde, ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylamak bolsa öňden gelýän asylly däpdir.

Paýtagtymyzdaky iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri bolan «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde hem özboluşly baýramçylyk söwda bazary döredildi. Bu ýerde dürli azyk önümlerinden başlap, baýramçylyk bezeglerine we sowgatlaryna çenli harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi