SÖHBETDEŞLIK

Sahysalyh Baýramow: “Ogul”   filmindäki  Batyryň  häzirki  ykbaly

Bu kinofilmi çaga  wagtlarym görüpdim. Ol mahallar  filmdäki wakany hakyky diýip kabul edýärdim. Batyr atly oglanjygyň garagol çagalaryň degirmençiniň öýünden un almana gelen  wagty olara: – “Edýäniňiz näme?” diýip,  ýüzlenende  Batyra haýbat atyp,  ullakan iti sakladyşy soňam degirmen eýesiniň Batyryň elini tuda daňyp, tut çybygy bilen  çym-gyzyl edip, urşuny görenimde şoňa gynanyp aglanym şu wagtam ýadymda. Şondan  soňam ol kinofilmi 3-4 gezek görüpdim. Filmde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň wakasy  görkezilýär.

– Dürli temadaky kitaplary okamagy gowy görýärdim.  Kä-te uruş döwrüniň wakasyny beýan edýän eserleri okanymda “Ogul” kinosy göz öňümde janlanýardy.   Umuman   haýsydyr bir   eseri  okanyňda  ýa-da täsirli  filmi  göreniňde beýan edilýän  wakalar ýyllar geçse-de ýadyňdan  çykmaýar.  Çagalygymda  hakydamda  galan  filmiň baş  gahrymany çaga  bolsa-da, keşbini ussatlyk  bilen ýerine ýetiren  Batyryň häzirki ykbaly bilen gyzyklanyp,  onuň işleýän  ýeri  bolan Oguzhan  adyndaky  “Türkmenfilm”  birleşiginiň binasynda myhmançylykda bolduk. Sahysalyh Baýramowyň gyzykly gürrüňlerini  muşdaklaryna,  okyjylarymyza  ýetirmek isledim.

–  Sahysalyh   ilki bilen  özüňizi gysgajyk tanyşdyraýsaňyz?

– Men 1977-nji ýylyň 25-nji aprelinde Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasynda dünýä indim. Çagalykdan  aýdym-saz sungatyna höweslidim. Ilki başda halypam Ýazy Setdarowdan dutar çalmagy öwrendim. Soňra  obadaşym  halypa Ödeniýaz  Nobatowyň  “Bagşylar” toparyna gatnadym.  Ol  dutaryň inçe syrlaryny,  öwretdi. Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan halypalaryň tälim bermeginde  kämilleşip başladym.

– Sahysalyh kino sungatyna gelşiňiz gyzyklandyrýar?

– 4-nji  synpyň okuwçysydym.  Bir gün mekdebe geldim.  Ol  wagtlar  “Ýaş kommunist” gazeti çykýardy.  Halypam  Ýazy  Setdarowyň elinde şol gazet bardy.  Ol: “Salyh  jan bir bildirişi okadym,  diňlesene!” diýdi-de   bildirişi  okap  berdi.  Ol  bildirişde  “10-11 ýaşly dutar çalyp, aýdym aýdyp bilýän  oglanjygy kino düşürmek üçin çagyrýarys” diýip ýazylan eken.  Ýazy mugallym  meniňem şol bäsleşige gatnaşmagymy isledi.

– Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýewiň kärdeşleri, režissýorlar geldiler.  Etrabymyza birnäçe  oglanjyklar bolup bardyk, şol ýerde bize ýeke-ýekeden dutar çaldyryp, aýdym aýtdyryp diňläp gördüler.  3-4 sany oglany saýlap,  paýtagtymyzdaky “Türkmenfilm” kinostudiýasyna çagyrdylar.  Gelenimizde bu ýerde  70 -e golaý oglan bar eken.  Halmämmet aga bize dürli soraglar berip, saz çaldyryp, aýdym aýtdyryp,  aktýorlyk  başarnygymyzy synlady.  Ähli  synaglardan soň  70 oglanyň içinden meni saýlap aldy.

Şeýdip 1988-nji ýylda  Alty Garlyýew adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde  ilkinji gezek  “Ogul”   atly kinofilmde Batyryň keşbini döretdim.

 – Çaga üçin filmde keşp döretmek ýeňil düşen-ä däldir?

– Elbetde, ýöne  bu ýerde halypa Hälmämmet aganyň ussatlygy ýatyr. Kynçylyk  çekip düşünmedik ýerimde ol irmän-arman  edil çaga ýaly bolup, dyzyna çöküp,   gahrymanyň obrazyny epizodda nähili hereket etmeli bolsa  gaýta-gaýta düşündirmäge ýaltanmazdy.  Ol garagol oglanjyklaryň  dutarymy ogurlap döwenlerinde şoňa çynyň bilen gynanmagy, çaganyň milli senede bolan duýgusyny, mährini görkezip oýnamagy öwretdi.   Şeýdip halypanyň yhlasly  zähmeti  bilen bu kinofilm şowly çykdy.

Sahysalyh eşidişime görä bu film halkara festiwallaryna-da  gatnaşypdyr ?

– Hawa,   “Ogul”   filmi Hindistanda  geçirilen  halkara festiwalyna  gatnaşdy.  Ol  ýerde hakyky obraza girip,  keşbimi  ýerine ýetirenim üçin  “Kümüş pil” baýragyny sowgat berdiler.  Haçanda biz Türkmenistan Watanymyza dolanyp gelenimizden soň, Halmämmet aga, kompozitor Aman Agajykow, filmde kakamyň keşbini döreden  Ata Gutlymyradow dagy dogduk obamyza gelip, Tagtabazar etrabynda şol baýragy dabaraly  ýagdaýda maňa gowşurdylar.  Aradan  biraz wagt geçen  soň halypa Halmämmet aga:   “Salyh  jan biz ýene bir festiwala gatnaşmaly” diýdi.

Bu  gezek   Müsürde geçirilen Kair festiwalyna gatnaşdyk.  Festiwal häzirki günlerde-de  dowam edip geçirilip durýar.  Men şol wagt 10 ýaşly oglanjykdym.  “Altyn piramida” atly  Baş baýragyna mynasyp boldum.  Kairde geçirilen festiwala gidenimizde türkmen halkynyň dünýäni  haýrana goýýan  milli lybasy gyrmyzy donly, telpekli elimde-de dutarym bardy.  Şonda festiwalyň   baýragy gowşurylan pursaty  kinofestiwalyň   ýolbaşçysy: “Şu oglanjyk bize dutar çalyp aýdym aýdyp bersin” diýdi.  Men Müsür ilinde  “Ene men Garybam garyp” aýdymy  soňra “Ogul” filminde ýerine ýetiren Görogly şa dessanyndan “Owazy geldi” aýdymy  dutar  çalyp aýdyp berdim. Aýdymy tamamlanymam şoldy,  bütin tomaşaçylaryň ör turup el çarpanlary şu wagtam göz öňümde. Soňra “Ogul” kinofilmi bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Eýranda  geçirilen kinofestiwallaryna   gatnaşdyk – diýip çagalyk ýyllarynyň täsirli, gyzykly  ýatlamalaryny ýatlap, Sahysalyh Baýramow sözüne dyngy berdi.  Oňa ýene sowal bilen  ýüzlendim:

–  Sahysalyh  şol filmdäki oglanjygyň duýgurlygy diýseň täsirli  

– Dogry sorag berdiňiz.  Kakasynyň saza bolan çäksiz söýgüsi ogluna-da geçýär.  Şol  filmde  şeýle wakalar bar.  Kakasy jeň  meýdanynda söweşip ýörkä, duşmanlary yza  gaýtaran wagtynda biraz dynç alyp oturýan pursatlarynda saz çalýar.  Şonda   ýaňky  oglanjyk  ara  näçe daş bolsa-da  kakasynyň çalýan sazynyň owazyny eşidýär. Ýa-da ok degip ýaralanan pursaty  kakasynyň  diriligini duýýar, oňa çaga kalby bilen ynanýar.  Sazyň içine girip, bir-biriniň gulagyna  owaz   eşidilýär.  Nesil  daragtynyň yzarlanýan şekilinde bir-birini duýmaklyk  häsiýeti bolýar. Ine, şeýle  duýmaklyga  telepatiýa diýilýär.

 Elbetde, täsirli waka boldy.   Oglanlaryň   dutarymy döwen pursaty  hiç ýadymdan çykanok. Sebäbi özüm dutar çalyp bilýänim üçinmi bilmedim, dutarym döwüldi welin,  şol ýerde bogazym dolup çynym bilen gynanyp agladym.  Ýene bir zady belläsim gelýär.   Film  surata düşürilýän pursaty Halmämmet aganyň: “Salyh jan, şu epizodda çynyň bilen aglamalysyň” diýen sesi gulagymda ýaňlanyp, şony ýerine ýetirýärdim.   Şonda Halmämmet aga:   “Salyh jan, oglum, sen-ä keşbiňi gaty gowy ýerine ýetirdiň.   Şeýdip keşbiňi hakyky   ýerine  ýetirseň  işimiz   hasam   gowy  çykar”  diýip  arkama  kakypdy.

 –  “Ogul” kinofilmi nirelerde surata düşürildi ?

– Kinofilm ýurdumyzyň köp ýerlerinde surata düşürildi.  Ahal welaýatynyň Nohur obalarynda, Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde, Ak bugdaý etrabynda, Gäwers obasynda, şeýle hem Pribaltikanyň şäherlerinde  surata düşdük.   Filme  düşýän pursatlarym  Baba Annanow,  Ata Döwletow, Hommat Müllükow,  Artyk Jallyýew ýaly birnäçe meşhur  halypalary görmek,  şolar bilen bir gapydan girip çykmak bagty miýesser etdi.

“Ogul” kinofilminde  ejemiň keşbini ýerine ýetiren  Özbegistan Respublikasynyň  at gazanan  artisti Tamara Şakirowa, kakamyň keşbini ýerine ýetiren, ömrüniň birnäçe ýylyny Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy bolup zähmet çeken  (Sary bagşynyň  neberesi) Begmyrat  Gutlymyradow,  şeýle hem  Aýsoltan Berdiýewa,  Nazar Gullaýew ýaly halypalar  bilen filmde surata düşmek miýesser etdi.

– Ýaşajyk aktýoryň  kino dünýäsinde täsirli keşbi döreden soň sungata bolan  höwesi ony haýsy ýokary okuw mekdebine eltdikä? diýen gyzyklanma bilen oňa ýene-de sowal berdim:

Sahysalyh  orta mekdebi tamamlap  nirede   okadyňyz,  haýsy hünäri  ele aldyňyz?  

– Men 8-nji synpa çenli obamyzda okadym. Soňra paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki  Daňatar  Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde bagşyçylyk hünäri  boýunça  bilim aldym.  Sazçylyk mekdebiniň soňky synpynda okap ýörkäm halypa  Halmämmet   Kakabaýew  ýene bir  filmde keşp döretmegi  teklip  etdi.  Bu film Kerim Gurbannepesowyň “Ýazmasy agyr düşen goşgy” atly poemasy esasynda düşürilen “Toba” atly film.  Filmde men baş gahryman Myradyň  keşbini ýerine ýetirdim. Mundan başga-da  “Jygaly beg”, “Nejep oglan” ýaly  kinofilmlerde  hem  keşpleri  döretdim.

Sazçylyk  mekdebi tamamlap,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  žurnalistika  fakultetine okuwa girdim.  Sazçylyk  mekdebinde okap,  çagalygymda  kinofilme düşüp,   meşhur aktýorlaryň arasynda  gezip, olardan tälim alan bolsam-da, näme  üçindir ýetginjeklik ýaşyna ýetenimde žurnalistika höwes edip başladym. Uniwersiteti tamamlan soň ýene-de  Halmämmet  aganyň ýanyna “Türkmenfilm”  birleşigine  bardym.  Ol ýerde  iki-üç ýyl  zähmet çekdim. Soňra ýene-de öz gutaran kärim boýunça  “Biznes reklama” gazetinde  baş  redaktor  bolup  işledim.

– Wagtyň geçmegi bilen  birhili  ýene-de çagalygymda   kalbymda orun alan  kino sungatyna  dolanasym  geldi.  Asyl  žurnalist kärini okasam-da çagalygymda kino sungatyna berlen ekenim.  Şu ýerde halypam  Halmämmet aganyň aýdan sözlerini ýatlasym gelýär.

–   “Sungata berilmeseň, ondan gowy zada garaşmagyň   manysy  ýok. Salyh jan,  bizi   okadan mugallym Daneliýa  şeýle  diýerdi:  “Onuň Aly hezretleri kino!”

– Beýle  sözler  ýönelige  aýdylmaýar. Ony diňe sungatyň mukaddesligini duýan adam aýdyp biler. Oňa diňe özüň şu sungat bilen ýaşap, işläp, döredip başlanyňdan soň  has-da göz ýetirýärsiň” diýdi.  Hakykatdanam filmleri surata düşüreniňde adamlara, durmuşa garaýşyň düýpgöter üýtgeýär. Diňe tomaşaçylaryň däl, ilki bilen öz dünýägaraýşyň üýtgeýär. Gowy zada ýene bir gowy zat sebäp bolýar. Haýsydyr bir işiň başyny tutanyňda şoňa yhlas edip, ýüregiň bilen berilseň azabyň ýerine düşýär. Halypamyň sözlerini ýatlap, köp oýlanyp gezdim. Ýaşlygymda  uruş döwri bilen baglanyşykly filme gatnaşanym üçinmi şu tema bilen bagly wakalar meni hasam özüne çekýär. Bolup geçen wakalar esasynda film düşürmek maňa has gyzykly. Gyzykly  film üçin täsirli wakanyň gözleginde boldum. Filmi halk köpçüligine ýetirmek üçin edebi esasy, aktýory saýlap bilseň işiň ýerine düşýär.

Ine, bir günem kitaplar  dünýäsine seýran edip otyrkam,  ýazyjy  Öwezmyrat  Ýerbendiniň  kürte bilen bagly eserine gabat geldim. Halypalar bilen  maslahatlaşdyk.    Şol eseriň  esasynda Atamyrat  Şagulyýew ssenarisini  ýazdy.   “Gyzyl kürte” filmini surata düşürdik.  Bu film Ahal welaýatynyň Nohur obalarynda, Gökdepe etrabynyň  obalarynda, Ýerbentde  gumuň  içinde ýylyň  ähli pasyllarynda surata  düşürildi. “Gyzyl kürte” filmi halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy  hem-de  halkara  kinofestiwallara gatnaşdy.  Ilki Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen halkara festiwala gatnaşdy. Şeýle-de  ýene  “Daragt”  atly kino filmimiz hem Bursada geçirilen halkara kinofestiwalyna  gatnaşyp “Durna” heýkeljigine mynasyp boldy. Döredijiligimde diňe bir kinofilmleri surata düşürmek bilen çäklenmän, “Alkyşnama”, “Jeýhunyň ýakasy” ýaly  dokumental filmleri hem surata düşürdüm. Surata düşüren kinofilmlerimiz Russiýanyň Ýekatrenburg şäherinde, Duşenbede, Daşkentde geçirilen kinofestiwallara gatnaşdy.  Kinofilmleriň   festiwallara gatnaşmagy bilen birlikde  maňa-da halkara    kinofestiwallarda   emin agza bolmak    miýesser etdi. Azerbaýjanda,  Türkiýede geçirilen festiwallarda emin agza bolup dünýä derejesinde meşhur režissýorlaryň işine baha bermek, şol ýerde ýaşyl Tugumyzy parlatmak uly bagt hasaplaýaryn.

Ine, ýaňy-ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen  Gorkut ata kinofestiwalyna hem  emin agza bolup gatnaşdym.  Türkmen  halkynyň  milliligini öz ukybyň bilen dünýä tanatmak uly bagt.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda okyjylary maşgala durmuşyňyz bilen tanyşdyraýsaňyz, şeýle-de   ýaşlara berjek maslahatyňyz?   

 – Maşgalamyz barada aýtsam  iki gyzym, üç oglum bar.  Bir oglum bilşiňiz ýaly  “Gyzyl kürte” filmindäki Öwekge atly oglanjygyň keşbini ýerine ýetirdi.  Umuman aýdanymda, ogullarymyň ikisi filmlerde  keşpleri janlandyryp, ses bermäge gatnaşýarlar.

Ýaş oglan-gyzlara ilki bilen aýtjak zadym  käriňe bolan çäksiz söýgüň, höwesiň bolmaly.  Köp  okap, öwrenip, halypalardan tälim alyp kämilleşmeli, duýgur bolmaly.  Halka  gowy zat görkezjek bolsaň diňe gözlegde bolmaly.  Şu zatlaryň ählisini jemläp berjaý etseň onda eden işiň, zähmetiň ýerine düşdigi diýip hasaplaýaryn.  – Bagtly  durmuşymyza guwanyp, täze filmleriň üstünde işleýärin.  Täze   “Gyz kasamy” atly   kinofilmi   surata düşürdük. Nesip bolsa,  ýakyn günlerde  halk  köpçüligine ýetiriler. Ol film hem bolan waka esasynda ýazylan. Halkymyzyň göwnünden turar diýen umydymyz bar.

Gahryman  Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, döretmäge işlemäge ähli mümkinçilikler bar!  Goý, hemişe eziz Diýarymyzda, toýlar-toýa ulaşsyn! – diýip,  ýagşy  dilegler bilen režissýor  sözüni jemledi.

Şu ýerde şahyr Kerim Gurbannepesowyň şeýle  setirleri ýadyma düşdi.

Öz seçen kärini oňarsa her kim,

Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün.

Ýekeje hünäre ýöretse höküm,

Iliňe bergidar bolmaýsyň besdir.

Bu setirleriň üsti bilen guýmagursak, ylahydan zehinli režissýoryň döredijiliginde onuň yhlasyny, sungata bolan höwesini görüp bolýar. Sözümiziň ahyrynda belli režissýor  Sahysalyh  Baýramowyň ýene-de  täze filmleri bilen halk köpçüligini begendirip durmagyny oňa üstünlikleriň  hemra bolmagyny arzuwlap ýagşy niýetler bilen hoşlaşdyk!

Gülöwser  Rahmanowa,

Türkmenistanyň  B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň  kitaphanaçysy.  

 

Ýene-de okaň

Bahargül Kerimowa: 30 ýyldan soňky duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşuşykdan soň gyzyklandyran söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Kerim Gurbannepesowyň päk söýgüsiniň kyssasy

Men Eneşiň aýdymlarynyň aşygy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

BAE-niň ilçisi: Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar

Ata Watan Eserleri