Milli Liderimiziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, düýn goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Mälim bolşy ýaly, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Kyn günde goňşa hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Şu gezekki iberilen ynsanperwerlik kömegi hem köp sanly şikes ýetmelere, uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar.
