Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň, «Magtymguly Pyragy» medalynyň, «Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna» ýubileý nyşanynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow her gezek sylag alanda jigisi:
— Gelneje, eşitdiňizmi, Döwlet akgam sylag aldy ýa-da Döwlet akgam Käbä gidip geldi — diýip begenjini paýlaşýardy. Bu gezegem ol ýene bir şatlykly hoş habar aýdar öýtdüm.
Sekizinji sentýabr günüdi. El telefonuma jaň geldi. Seretsem ekranynda Mähri goňşy diýip ýazylgy. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Ol:
— Gelneje, kyn görmeseňiz tanyş-biliş kärdeşlerine aýtsaňyzlaň, Döwlet akgam ýogaldy. Ertir sagat onda çykarýarlar — diýdi.
— Waheý, näm boldy bendä?
— Bir hepde bäri keselhanada özüni bilmän ýatyrdy…
Sagada seretdim. 22:14. Ýatar wagty bolupdyr. Öz-özüm: «Birden irkilip düýş gören bolaýmaýyn» diýip gaýtadan telefonyma seretdim. Hakykatdanam jaňlaşypdyryn. Onsoň kärdeşim Dürnabat Aşyrowa jaň edip aýtdym. Ertir kärdeş zenanlar bilen bileräk gitmegi planlaşdyrdyk. Birden bäş-on günlükde kitaphanaçy Oguljemal gelnejäniň:
— Döwlet Garkynyň maşgalasy Ogulkeýik bilen şahyr Bahargül Kerimowanyň 80 ýaşyny gutlamaga gidip geldik — diýip, aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Olaryň maşgalasy bilen gatnaşýan bolsa, başagaýlykda eşitmän galmasyn — diýip oňa-da jaň etdim. Ajy habary aýdanymdan:
— Wah-waheý, ol entek ýaş ahyry. Ynanar ýaly däl. Ýaňy-ýakynda Bahargül doganyň doglan gününde onuň aýdym ýazgysyny diňledik. Näme diýjegimem bilemok, bolmandyr. Aýdanyň gowy boldy. Eşitmän galsam gynanardym. Aýatyna ertir bileräk görünäýeris. Soňky gezek onuň bilen medeniýet hepdeliginde geçirilen çärede bile çykyş edipdik — diýip gynandy.
Ertesi üýşüp Döwlet agany soňky ýoluna ugratmaga bardyk. Öýe gelemsoň, Bahargül Kerimowa jaň etdim. Ol:
— El telefonymda Döwlet Garkynyň aýdan aýdymynyň ýazgysy bar. Köpçülige çykyp aýtmasa-da, özi tar çalyp aýdym aýdardy. Öwezgeldi Tekäýewden pes aýdanokdy. Ol maňa: «Bahargül dogan, täzelikde ýene bir aýdymymy ýazgy etdim. Saňa diňlemäge ugradaryn» diýipdi. Onuň dünýeden gaýdanyny Oguljemaldan eşidip agşam uzak gije ýatyp bilmedim. Imany hemra bolsun, etjek alajymyz ýok. Wah, neresse, maňa aýdymlaryny ýadygärlik galdyryp gidiberdi. Ýazgysyny senem diňläp gör, häzir ugradýan — diýip telefonuma geçirdi.
Döwlet aganyň goşgularyna aýdym döredilendigini bilýärdim, ýöne özüniň aýdym aýdandygyny entek eşitmändim. Dogrudanam, aýdymy gowy aýdýan eken. Onuň dik duran ýerinde özi tar saz guralyny çalyp:
«Ýigit başym düşdi yşkyň ýoluna,
Bu ne apat, bu ne külpet bilmedim.
Görünmez gözüme dünýäň eşreti,
Ýary küýsäp gezdim, ýaýnap gülmedim…» diýip, «Ala gözli Humaýym» aýdymy aýdyp duran ýazgysyny ilki diňledim. Soňra ol oturgyçda oturan ýerinde:
«Ýazlar joşsa jahanda,
Seni göresim gelýär,
Gökde şapak doganda,
Seni göresim gelýär…» diýip, «Göresim gelýär» atly aýdymyň sazyny çalýar. Ogulkeýik gelneje bilenem Bahargül daýzanyň bilelikde aýdymyny aýdýan ýazgysyny synladym. Öýlerine myhmançylyga gelen zenanlara ýüzlenip, Ogulkeýik gelneje aýdymyň sözlerini özüçe üýtgedip: «Sizi göresim gelýär» diýip, saçak başynda ala-ýaz bolup otyr. Döwlet aganyň olar bilen göwün açyp oturşy zenan mertebesine uly hormat goýýandygyny hemem maşgala ojagynda birek-birege sylag-hormat goýup ýaşaýandyklaryny görkezdi. Onuň goşgularynyň aýdyma ýakynlygynyň sebäbi özüniň aýdym aýdýanlygyndan, saz senedini çalmakdan baş çykarýanlygyndan bolmagy ahmal — diýip pikir etdim.
Aslynda Döwlet aga bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz tanyşlygymyz onuň goşgularyna döredilen aýdymlaryndan başlapdy. Bagşy Arslan Annamämmedowyň aýdýan:
«Gül Watan yşgynda geldim jahana,
Kalba mähir ýagmasy sen sähralar.
Pasyllar öwrülmiş baky bahara,
Bilbilleriň nagmasy sen sähralar» diýip başlanýan «Sähralar» atly aýdymyny hemem:
«Eneň barka aýdym geler zybana.
Eneň barka ýollar bagta rowana,
Göý, hüwdä beslensin ajap zamana,
Ýaşaýyşyň baky dowamy ene…» diýip, «Ene» atly aýdymyny diňlänimden soň, goşgusynyň haýsy şahyra degişlidigi gyzyklandyrdy. Onsoň telefon belgisini tapyp bagşa jaň etdim. Ol:
— Bu aýdymlaryň goşgusy şahyr Döwletgeldi Annamyradowyňky — diýdi. Şonda Döwlet aga bilen iş ýerinde gürrüňdeş bolupdyk. Ol şo mahallar baýrak alan eken. «Çagalygym ýeňil geçmedi, ýöne indi şükür durmuşym gowulandy. Ýakynda şa serpaýyna mynasyp boldum. Begenýän, ýöne ýekeje zada gynandym. Sylag alanymy ejem pahyr görüp bilmedi» diýeni ýadymda.
Indi özem dünýesini täzeläýdi neresse. (Jaýy jennet bolsun!) Dogrusy, özi aýatda bar wagty ol hakda entek-entek ýazmak pikirimde ýokdy. Nesip bolsa ýetmiş-segsen ýaşanda gutlag ýazaryn — diýip ýördüm. Häzir bolsa ol hakda ýazmagymyň sebäbi bar. Ýaňyrak keselhanadan çykamsoň, ony soňky ýoluna ugratmaga baranymda öýlerine girmän daşardan gaýtdym. Şol hereketimi göwnüme laýyk görmedim. Şonuň üçin hossarlaryna duýgudaşlygymy kagyza geçirdim.
Döwlet aga teleradioýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarynda, dürli çärelerde, metbugat sahypalarynda yzygider çykyş ederdi. Onuň ýeňil geçmedik çagalyk ýyllary hakynda eserlerinden bilýärin, ýöne durmuşda welin, biz onuň gowy durmuşynyň şaýady bolduk. Döşi orden-medally keşbinde göz öňümde galdy. Kärdeş bolamyzsoň, onuň bilen döwlet çärelerinde kän gabat gelerdik. Ýuwaş, adamkärçiligi ýumşak häsiýetlidi. Ýylgyryp hal-ahwal soraşardy. «Garagum» žurnalynda käte makalam, hekaýam çap bolsa: «Gowy bolupdyr, ýene-de köpräk ýazyp getir» diýerdi. Meniň pikirimçe ol adamyň göwnüne degendir öýdemok.
Öýmüz halypa mugallym Hojak Mämmedowlaň öýlerinden uzakda däl. Hojak mugallymyň öýdeş gelni Mähri bolsa Döwlet aganyň jigisi. Hojak aga ýarawsyz ýatyrka köplenç Döwlet aga Ogulkeýik gelneje bilen onuň hal-ýagdaýyny soramaga gelerdi. Ýolugra gabatlaşýardyk. «Döwlet aga, Hojak Mämmedowa ogly Kakaly bilen jigiňiz Mähri diýseň gowy seredýärler. Goňşurak bolamyzsoň, haçan ýagdaýyny soramaga gelsem, jigiňiz çagajyklary bilen gaýyn atasyny naharlap oturandyr ýa-da çemçe bilen agzyna tutup derman-därisini içirip otyr» diýsem begenerdi. «Menem jigime: «Gaýyn ataňa gowy hyzmat etgin!» diýip tabşyrýan. Bolsa-da jigimiňem, ýanýoldaşy Kakalynyňam hyzmatyndan Hojak Mämmedowiç nägile däl» diýerdi.
Hojak Mämmedowyň maşgalasy Mahym gelneje-de Döwlet aganyň kakasynyň aýal dogany eken. Ol hakda Döwlet aganyň çagalyk ýyllary hakynda ýazan ýatlamasyny okanymda bildim. Men onuň kyssa eserlerinem, goşgularynam okaýan. Onuň döredijiligi hakynda belli halypalar kän ýazdylar. Şu makalany ýazýarkam ol barada ýazylan makalalary gaýtadan okadym.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan 2019-njy ýylda Döwletgeldi Annamyradowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna bagyşlanyp bibliografik görkezijisi taýýarlanypdyr. Görkezijiniň içinde Döwlet derejesinde hormatly atlaryň eýesi bolan halypalaryň ol barada aýdan sözleri bar. Ilki bilen olaryň ählisi Döwlet aganyň kän gürlemeýän, mylakatly, hoşgylaw häsiýetiniň bardygyny belläpdirler. Ol hakykatdan-da şeýledi.
Arhiw ýazgylardan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň: «Döwlet çärelerinde aýdylýan aýdymlara diň salyp, haýsynyň Döwletgeldi Annamyradowyňkydygyny derrew tanaýan. Sebäbi onuň goşgularyny okanyňda-da labyzly okalýar, aýdyma-da gelip dur. Ýüzlerçe goşgusyna döredilen aýdymlar ýurdumyzyň ösüşleriniň waspyny belentden ýetirýär. Onuň sözlerine ýazylan «Şykga-şykga bilezik», «Ene söýgüsi», «Sähralar» ýaly aýdymlar bolsa, halk döredijiliginiň äheňlerine öwrülip gitdi. Döwletgeldi Annamyradowyň kyssa eserleri-de, onuň edebi esasyna döredilen kino eserleri-de okyjyny hem-de tomaşaçyny biparh goýanok. Sebäbi ol halkyň hem döwrüň ruhuny duýýar» diýen sözlerinden başlasym geldi. Hakykatdanam Döwlet aganyň goşgularyny kim okanda-da tanap bolýar. Enweri, rehberi, roýy ruhsar diýen ýaly sözlerinden bilip bolýar. Onuň eserlerine uly göwrümli çeper filmler, köpbölümli filmler, ençeme telefilmler, çeper publisistik we dokumental filmler surata düşürildi. Dogrusy, «Şammy tüweleý», «Aşyr keçje», «Aşhojahyzmat», «Çakan», «Kepban» we başga-da tomaşaçylaryň hakydasynda galan ençeme degişme sahnalardaky keşpleriň onuň eserlerine dörändigini görkezijidäki ýazgydan bilip galdym.
Şu ýerde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň 1984-nji ýylda «Ýaş kommunist» gazetinde ýazan makalasyndan: «Döwletgeldiden ýekeje bent mysal getirip çäkleneýin.
Şadyýan baglaryň ýaşyl perleri,
Gojaň nursuz gözleri deý solupdyr.
Düýnki maňa syrdaş bolan güllerem,
Kişiň aýaly deý ýüzün sowup dur.
Maňa-ha ýaraýar. Kapyýasyny aýyrsaňam goşgulygyna galýar. Men ýaş şahyrlar Döwlet Annamyradowyň, Hajy Kakalyýewiň, Gylyçmyrat Kakabaýewiň… döredijiligine aýratyn sarpa goýýaryn hem-de olaryň geljegine uly umyt bildirýärin…» diýen sözlerini okyjylara ýetiresim geldi. Döwletgeldi Annamyradow 1959-njy ýylyň 2-nji maýynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda daýhan maşgalasynda doglan. Görşümiz ýaly onuň döredijiligine eýýäm ýigrimi bäş ýaşynda uly baha berlipdir. Turuwbaşdan uly halypalaryň mekdebini geçip, olaryň şeýle umyt bildirmegini gazanan Döwletgeldi aga halypalaryň ynamyny ödedi. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Baýram Jütdiýew: «Döwletgeldide meniň gowy görýän häsiýetim — yhlaslylyk bar, uly söýgi bar, uly jepakeşlik bar. Şol üçüsi birleşende, ep-esli menzil aşyp bolýar.
Edebiýata gelýän adamlarda dürli häsiýet bolýar, birleri — özüni gowy görýär, ýene biri — edebiýaty gowy görýär. Meniň şu ýerde begenýän zadym, Döwletgeldi edebiýaty gowy görýän adam.
Onuň baş söýgüsi şygyr. Ol arassa ýürekli adam. Arassa ýüregini metjit ýaly saklap, ýarym asyra golaý edebiýata hyzmat edip gelýär. Döwletgeldi geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ikinji ýarymynda türkmen şygryýetine gelen ýaş ýigitdi. Şol döwürde onuň bilen «Söwet edebiýaty» žurnalynda bile işledik. Berdinazar Hudaýnazarow, Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Annaly hem Kakaly Berdiýewler, Nobatguly Rejebow we ýene-de birnäçe halypalar bilen edebi hyzmatdaşlyk saklamak oňa miýesser etdi. Olar Döwletgeldiniň ilkinji goşgularyny okadylaram, goldadylaram, delalatam etdiler. Delalat etmegiň birnäçe görnüşi bar. Bu ýerde ýardam etmek manysyny göz öňünde tutýan. Ol halypalaryň «Şeýleräk ýazylsa gowy bolar» diýen ýaly pikirlerini diňledi hem olaryň maslahatlaryna eýerip döredijiligini dowam etdirdi. Şol döwürde has takygy 1991-nji ýylda ol öňki soýuzyň iň uly hormaty bolan SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna kabul edildi» diýip ýazypdyr.
Döwletgeldi aganyň 1991-nji ýylda «Gara perişde» ady bilen goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Şol kitabyň girişinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nobatguly Rejebow şeýle ýazgy ýazypdyr: «Durmuşa söýginiň sinonimi hökmünde seredýän Döwlet Garkynyň (Annamyradowyň) goşgulary söýgi ýaly okyjylary melul edýär. Elimi ýüregimiň üstünde goýup, okyjylara ýüzlenýärin.Türkmen poeziýasynda täze bir şamçyrag döredi. Ol — Döwlet Garkyn». Ynha, döredijiligine halypalaryň şunuň ýaly bahalar bilen ruhlandyrmagy Döwletgeldi Annamyradowyň ylham guşuny ganatlandyrdy. Onuň köptaraply döredijiliginiň örüsini has giňeltdi. Ol dürli wezipelerde işledi. Durmuş hem zähmet tejribesini baýlaşdyrdy.
1983-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlap zähmet ýoluna gadam basan şahyr «Ýaş kommunist» gazetinde, «Sowet edebiýaty» žurnalynda, «Miras» radioýaýlymynyň, «Täze oba» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň redaktory, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik bölüminiň başlygy, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm müdiri, ömrüniň soňky günlerine çenli «Garagum» žurnalynda işledi. Ol «Söýgi sallançagy», «Gara perişde», «Dünýäniň yşky» atly kitaplaryň, «Täleý köprüsi» (Ykbal pursatlary) atly roman-essäniň, «Bagt ýoly», «Kenar» «Bularyň bary sen hakda», «Iberilmedik hatlardan», «Sen aman bol dünýede» atly powestleriň, «Mähir küýsegi», «Pederim kany?», «Ilkinji mugallym», «Tanyş pyşyrdylar», «Aýly agşam», «Gözlerim ýoluňda» atly ençeme hekaýalaryň awtory. Ol terjimeçilik sungatyna-da öz mynasyp goşandyny goşdy. Terjime eden hem-de çapa taýýarlan eserleri-de bar. Onuň «Söýgi sährasy», «Söýgi yşyklary» atly köpbölümli hem-de «Aýdyma siňen ömürler» «Aşyklaryň obasy», «Söýgi kenary», «Bagta barýan ýollar» atly uly göwrümli aýdym-sazly çeper filmleri, onlarça publisistik filmleri döwrümiziň ruhy keşbini açyp görkezmek bilen tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Munuň sebäbini şahyr, dramaturg Azat Rahmanow: «Döwletgeldi Annamyradowyň haýsy eserini okanyňda, goý, ol şygyr bolsun, proza bolsun ýa drama eserleri bolsun, parhy ýok, onuň diňe öz galamyna degişlidigini tanap bolýar. Çünki Döwlediň öz ýüzi, öz tilsimleri, öz tapyndylary bar. Esasanam, çeper edebiýatda iň möhüm zatlaryň biri bolan, Annamyradowyň döredijiliginde gürsüldäp urup duran gyzgyn ýürek bar. Bu bolsa edebiýatda gutlamaly ýagdaý» diýip düşündirýär.
Ýazyjy Kömek Kulyýew bolsa: «Garagum» žurnalynda ýüzdenem kän pursady içine alýan edebi kyssasy biz prozaçylarda uly kanagatlanma döretdi, çünki meniň, belki, köp ýazyjylaryň arzuw edip ýören edebi tilsimini öňe çykarmagyň Döwlet hötdesinden geldi. Ol proza bilen poeziýanyň arasyndan hiç kimiňkä meňzemeýän, täze öwrümli ýol tapdy.Täze zatlar bolsa edebiýatda mydama döräp durmaýar» diýip baha berýär.
Şeýle mazmundaky arhiw ýazgylaryň arasynda Döwlet aga bilen kän ýyl Garagum žurnalynda bile işleşen ýazyjy Bägül Annabaýewanyň ýazan makalasy-da bar. Bägül onuň eserlerinden ýüregine has ýakyn setirleriň birnäçesini mysal getiripdir. Ol setirler meni-de biparh goýmady. Diýseň tolgundyrdy, oýlandyrdy. Öz-özüm: «Döwlet aganyň eserlerini ýüzleý okapdyryn» diýip içimi gepletdim. Ynha, ol jümleler:
«Men mahal-mahal dogduk obama dolanyp, hem öňkimden az-kem ýigdelýärin, hemem birazajyk garrap gaýdýaryn».
«Men hiç haçan uly şaha-da boljak bolmadym, elýetmez şahalara-da dyrmaşmadym. Şol sebäpli-de uly şahalaryň özleri aşak eglip, depäme pena boldular.
«Men seni ýol söküp, ýurt aşyp, ýyllaryň perdesini serpip — dünýäni dörüp agtardym.Tapdan düşüp, sulbam süýndi. Tapmadym…
Seniň soragyňda seni tapman, seni agtarmakdan ýadap, gözlegiňi bes etdim — seni tapdym…Ýöne seni seniň özüňden däl-de, özge gyzlaryň gözlerinden tapdym. Sebäbi sen özüňde ýok ekeniň, meniň ýalňyşym — seni seniň özüňden gözlänligimde ekeni».
Kärdeşim Bägüliň bu makalasynda juda jüpüne düşen jemlemesine men diňe baş atyp onuň aýdýan pikiri bilen ylalaşdym. Sebäbi menem edil Bägüliňki ýaly duýgyny başdan geçirdim.
Döwlet aga hakynda ýatlamalar entegem kän. Olaryň ählisini diýen ýaly halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewa tapyp berdi. Hemmesini okap çykdym, ýöne bir makalada mundan artyk söhbet edip okyjyny ýadatmaýyn. Şonuň üçin şu sözler bilen makalamy jemlemegi makul bildim.
Döwlet aganyň maşgalasynda ýanýoldaşy, iki gyzy, bir ogly agtyklary bar. Olaryň ählisine, şeýle-de ýakyn hossarlaryna jan saglyk arzuw edýän. Döwlet aganyň yzy abat bolsun! Il içinde gazanan at-abraýyny nesilleri dowam etdirsin!
Akgül Saparowa.