“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi.
Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Hazar deňziniň ajaýyp kenaryndaky gepleşikleriň we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem özbek Lideri ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi. Munuň özi oňa gatnaşan döwletleriň taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran we hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan saparyny ýatlady. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
“Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin üç döwlet tarapyndan uly tagallalar edildi. Biz esasy ulgamlarda — syýasatda, energetikada, ulagda, söwdada, senagatda, maýa goýumlarda, täze tehnologiýalarda, sanlylaşdyrmakda, medeniýetde, ylymda we bilimde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm çäreleri görýäris. Bu bolsa öz oňyn netijesini berýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň täze ugurlaryndan peýdalanmakda goşandy örän uludyr. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini pugtalandyrmakda hem-de işjeňleşdirmekde, biziň çäklerimizde netijeli logistika düzümini döretmekde sebitiň ýurtlary möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmek zerur bolup durýar. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn çemeleşme hem-de üç döwletiň gatnaşmagynda toplumlaýyn, hemişe hereket edýän energiýa serişdeler ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk möhümdir. Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Milli Liderimiz geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.
ÜÇTARAPLAÝYN BITEWI ULAG STRATEGIÝASY IŞLENIP DÜZÜLER
“Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamy aýratyn ähmiýetli orny eýeleýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgeleriniň biziň ýurtlarymyzyň çäginden, şeýle-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçip, yklymyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu geçelgeleriň ulag ugurlaryny köptaraply esasda ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. “Munuň özi üç ýurduň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki ajaýyp mümkinçilikden peýdalanmagymyzy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegimizi zerur hasaplaýaryn” diýip, Milli Liderimiz belledi.
ÜÇ DÖWLETIŇ GATNAŞMAGYNDA SENAGAT KOOPERASIÝALARY ÝOLA GOÝLAR
Uzak möhletleýin dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmak, ykdysady ösüşi höweslendirmek meselelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz söwdany giňeltmek maksady bilen, hojalygy ýöredýän düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmegiň we ony işjeň ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunda “Daşoguz — Şabat” serhetýaka söwda zolagynyň şu ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigine ynam bildirildi. Milli Liderimiz senagat kooperasiýasyny ýola goýmak babatda 2026 — 2035-nji ýyllar döwri üçin üç ýurduň çäginde senagat taslamalaryna bilelikdäki maýa goýumlaryň maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürüp, bu çemeleşmäniň tehnologiýalary netijeli alyşmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, dünýä bazarlarynda önümleriň milli görnüşleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
GOL ÇEKILEN RESMINAMALAR
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Onuň çäklerinde:
- “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama;
- Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama;
- Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
ILHAM ALIÝEWE BEDEW, ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWE KÖŞEKLI ARWANA DÜÝE SOWGAT BERILDI
Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Liderini, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerini medeni çäräniň geçirilýän ýerine ýygnananlar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilendigi we ylalaşyklaryň gazanylmagyna goldaw berendikleri üçin, türkmen tarapynyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. 2022-nji ýylda doglan, Gündogar hem-de Gaýma atly bedewleriň nesli bolan akýal mele reňkli bu bedew ady rowaýata öwrülen Fakirpälwan atly bedewiň nesil ugruna degişlidir.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi. Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary bilen gutlady. Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz “Ula hormat, kiçä sylag” diýen paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy. Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.