JEMGYÝET

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ekologiýa maslahatyna gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň Altaý Respublikasynda Halkara ekologiýa maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Ataýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustin. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, şeýle hem dürli döwletleriň resmi adamlary, ekologiýa ulgamynda iş alyp barýan halkara guramalaryň wekiliýetleri we bilermenleri gatnaşdy.

“Daşky gurşaw meseleleri: Durnukly ösüşe tarap” atly halkara maslahatda ekologiýa ulgamyndaky möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem maslahatda serhetüsti ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek, ýörite goralýan tebigy ýerleri goramak we biodürlüligi goramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda gar gaplaňynyň sanyny köpletmek babatdaky tagallalar barada pikir alşyldy. Bu seýrek duş gelýän jandar diňe Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýaşaýar.

Ýene-de okaň

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov