JEMGYÝET

Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi

Azerbaýjanyň Baku şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň býujet we ykdysayd meýilnamalaşdyryş ministri Abubakar Atik Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy.

Related posts

Owganystanda metjidiň düýbini tutmak dabarasy boldy

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atçylyk diplomatiýasy

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy