JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada resmi dabara bilen garşylandy

Mongoliýada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezident köşgünde dabaraly garşylandy. Bu barada Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mongoliýanyň Prezidenti Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Suhe-Bator meýdanynda dabaraly ýagdaýda garşy aldy.

Mongoliýanyň döwlet hormat garawuly nyzama düzüldi we hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soňra döwlet senalary ýaňlandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Mongoliýanyň Prezidenti iki ýurduň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Resmi garşylamak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti döwlet köşgündäki hormatly myhmanlara kitabyna ýazgy galdyrdy.

Related posts

Türkmenistan bilen Özbegistan ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Kitabı Ankara’da tanıtıldı

vepa

Türkmen Lider 30 kilometre pedal çevirdi

vepa