Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi. Guramanyň synçy agzasy bolan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew gatnaşdy.
Häzirki wagtda bu gurama Gyrgyz Respublikasy başlyklyk edýär. Guramanyň resmi däl sammitinde agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanlary guramanyň çäginde döredilen Türk maýa goýum gaznasynyň şu ýylyň dowamynda öz işine başlamagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Şeýle hem sammitde edilen çykyşlarda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýete berildi. 2024-nji ýylda Türkiýe we Merkezi Aziýa döwletlerinden Azerbaýjanyň üsti bilen ýük gatnamalaryň möçberi 11 million tonna barabar boldy.
Sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary şu resminamalary kabul etdiler:
- Türki Döwletleriň Guramasynyň Budapeşt Jarnamasy
- Döwlet Baştutanlarynyň Owganystan boýunça beýannamasy
- Özbegistan Respublikasynyň Türki medeniýeti we mirasy gaznasyna goşulmagy barada çözgüt
- Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretayrnyň ygtyýarlyk möhletini uzaltmak barada çözgüt.
Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi sammitini şu ýylyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynda barada ylalaşyldy.