DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisiniň Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Ilçi P.Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet Baştutanyna, şeýle hem mongol halkyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Mongoliýanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi.

Dabaranyň ahyrynda ilçi P.Durdyýew bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhýniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda B.Batmunhiýn Ilçini ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär

Çehiýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolýar

«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi