BILIM

Türkmenistanda 6-njy ÝUNESKO Kluby açyldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän 6-njy ÝUNESKO Kluby açyldy.Ýurdumyzyň ylym-bilim wemedeni-ynsanperwer ugurly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, birnäçe hormatly myhmanlaryň, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň, şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarydyr professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy uly üstünliklere beslendi. Şatlyk-şowhun, uly ruhubelentlik bilen açylan ÝUNESKO kluby ata Watanymyzda parahatçylygy, dost-doganlygy giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda alyp barýan asylly işlerine özüniň mynasyp goşandyny goşýan ýaşlara döwrebap we milli ruhda bilim berýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝUNESKO klubynyň açylmagynyň esasy maksady ýaşlary hakyky watansöýüjilik, mertlik ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlarymyza, medeniýetimize sarpa goýmakda bitirilýän beýik işleriň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Bu ýerde ýerleşdirilen ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen birnäçe ýadygärliklerimize degişli gymmatlyklar bilen ýaşlaryň içgin gyzyklanmagy klubyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Şu dabara mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi