DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Rumyniýa ÝUNESKO-nyň çäginde hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

2025-nji ýylyň 26-njy martynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Rumyniýanyň Milli toparynyň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Rumyniýanyň Milli toparynyň  Baş sekretary hanym Ligia Dekanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ynsanperwer ugurda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we olary ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy we sebit we halkara derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde bitaraplygyň taryhy, orny we Türkmenistanyň Bitaraplyk statusynyň ähmiýetine esaslanýan daşary syýasaty barada çykyş etdi. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygynyň bardygy bellenildi we ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmen bilen rumyn milli toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Rumyn tarapynyň wekilleri hem öz gezeginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Rumyniýanyň Milli toparynyň alyp barýan işleri we aýratyn üns berilýän ugurlar barada habar berdiler.

Duşuşykda geoparklar toruny döretmek we ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, geoparklaryň sebitleriň durnukly ykdysady ösüşiniň, syýahatçylygyň, bilimiň we ylmy gözlegleriň, tebigy we medeni mirasyň ýaýramagynyň degişli we geljegi uly görnüşidigi bellendi.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary guramak, şeýle hem gyzyklanýan ugurlardaky hünärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen leksiýa alyşmak we hünärmenler alyşmak arkaly mümkinçilikleri öwrenmek barada ylalaşdylar.

 

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy