DÜNÝÄ

Şweýsariýada täze prezident bellendi

Wiola Amgred Şweýsariýanyň täze prezidenti boldy. Bu ýurtda prezident resmi taýdan çalyşdy. Ýurduň goranmak, ilaty goramak we sport departamentiniň ýolbaşçysy bir ýyllygyna prezidentlige bellendi.

61 ýaşyndaky Amgred Şweýsariýanyň ilkinji zenan goranmak ministridir. Ol 2023-nji ýylda ýurtda prezident wezipe ygtyýarlylyklaryny alyp baran Alen Bersiň ýerine geçdi.

Her ýylyň 1-nji ýanwarynda Şweýsariýada prezident resmi taýdan çalyşýar. Döwlet Baştutany wezipesine Federal geňeşiň (hökümet) agzalarynyň biri bellenýär.

Prezident öz ýurduny daşary ýurt döwletlerinde wekilçilik edýär, Federal geňeşiň mejlislerine başlyklyk edýär we dürli düşünişmezlikleriň araçysy bolup hyzmat edýär.

Related posts

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Bişkekde 1-nji sentýabrda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti geçiriler

Ýaponiýanyň imperator maşgalasynyň resmi “Instagram” hasaby açyldy