DÜNÝÄ

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Özbegistan Respublikasy Ýer şarynyň iň kiçi ýurdy bolan Nauru bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.  Bu barada Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň hemişelik wekilleriniň arasynda degişli beýanata gol çekildi.

Bu resminama Özbegistanyň adyndan Ulugbek Lapasow, Nauru döwletiniň adyndan Ali Erab Daniel gol çekdiler.

Degişli gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýurtlar BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyny ösdürerler. Mundan başga-da, taraplar syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyk ederler.

Nauru döwleti Özbegistanyň diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan 159-njy döwlet boldy.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy