JEMGYÝET

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen tarapy GECF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri GECF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen GECF-iň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.

Related posts

Alpaslan Jeýlan: ahalteke bedewleriniň gadymy taryhy bar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi

Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty altyn medal gazandy