Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda bilelikde amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Hanym Jalpa Ratna ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi.
Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 4 ýyl bolýandygy, şu döwürde ençeme netijeli ynsanperwer işleriň durmuşa geçirilendigi barada aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem garaldy.