DÜNÝÄ

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda TDG-niň guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy.

Şeýle hem, duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Wengriýanyň Türkiýedäki Ilçisi, TDG-niň, TÜRKSOÝ-niň we TÜRKPA-niň Baş sekretarlary hem-de Türki Akademiýasynyň, Türki halklaryň medeniýet we miras gaznasynyň we Türk maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Mejlisiň çäklerinde TDG-niň 11-nji Sammitiniň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilşi, TDG-niň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem-de 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başgada, mejlisiň çäklerinde Türki hyzmatdaşlyk Guramalarynyň ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler boýunça öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti parahatçylyk we ynanyşmak mowzugynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Ilçisi gatnaşanlara ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi we 2025-nji ýylda ýurdumyzyň dialogy ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we durnukly parahatçylygy üpjün etmegiň binýady bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň belleýändiginiň aýratyn mana eýedigini nygtady.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyny kabul etmeginiň ähmiýetine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň orny nygtaldy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Täjigistan bilen Gyrgyzystan döwlet serheti boýunça şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Fransiýa strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekdi

Tramp Konor Makgregoryň janköýeri

Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň Aşgabada sapary