JEMGYÝET

Gruziýanyň Premýer-ministri Aşgabada resmi sapar bilen geldi

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary  pugtalandyrmaga gönükdirilen resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde Premýer-ministr we onuň wekiliýet agzalary üçin resmi garşylamak dabarasy guraldy.

Belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew garşy aldy.

Gruziýanyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Premýer-ministr Kobahizde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçiriler. Bu gepleşikler Gruziýanyň birinji wise-premýeriniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň başlyklyk etmeginde guralar.

Bu gepleşikleriň jemleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekiler.

Mälim bolşy ýaly, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahizde Türkmenistana saparyndan ozal, Özbegistan Respublikasynda resmi saparda boldy.

Related posts

Türkmen diplomatlarynyň gününe bagyşlanan maslahat

Ata Watan Eserleri

Tùrkiÿàniñ Prezidenti Àrdogan Tùrkmenistana geldi

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri