JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapara ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna ugramazdan ozal, Aşgabadyň halkara howa menzilinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny aýdyp, bu ýurduň beýleki ugurlar bilen bir hatarda özüni dünýäde sport üstünlikleri bilen tanadandygyny belledi.

2025-nji ýylda Monako dünýäniň sport paýtagty diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýandygyny belläp, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdy.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri