TEHNOLOGIÝA

Hindistan 2040-njy ýylda Aýa kosmonawt iberer

Hindistan 2040-njy ýyla çenli hindi kosmonawtynyň Aýda gonmagyna gönükdirilen ägirt uly kosmos maksatnamasyny taýýarlady. Bu barada Hindistanyň kosmos gözleg guramasynyň başlygy Sridhara Somanath aýtdy.

“Garaşsyzlygymyzyň 100 ýyllygyny bellänimizde, hindi baýdagy aýda uçar. Adamymyz ol ýere barar, oturdar we sag-aman gaýdyp geler. Bu 2040-njy ýylda bolar” -diýip, ol belledi.

ISRO başlygy “Kosmos maksatnamasynyň taryhynda ilkinji gezek geljek 25 ýyl üçin gözýetimimiz bar” -diýdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýol kartasynyň bir bölegi hökmünde Hindistan 10 ýylda öz kosmos stansiýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Munuň başlangyjy, 2028-nji ýylda kosmos stansiýasy modulynyň işe girizilmegi bolar, bu bolsa doly işlemegine ýol açar.

Related posts

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýyň taryhynda iň gymmat super awtoulag

“iPhone” bilen ulagyň gapysyny açyň!