BIZNES

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Wýetnamyň iň uly şäheri Hoşimin şäherinde dabara Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ýurduň ilkinji metrosynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň gurluşygy üçin 17 ýyl sarp edildi.

Bu çärä 500 töweregi adam gatnaşdy. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (JICA) karz serişdeleri bilen üpjün etdi we köp sanly ýapon kompaniýasy gurluşyk işine gatnaşdy.

Ýigrimi kilometrlik metro liniýasy Hoşimin şäheriniň merkezini şäheriň etekleri bilen birleşdirýär. Şäherdäki ulag dyknyşyklarynyň we howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Hoşimin metrosy bolmadyk Aziýanyň iň uly şäherleriniň biri bolmagynda galypdy. Onuň işe girizilmegi 9 million ilatly şäheriň ulag mümkinçiliklerini giňelder. Geljekde bu metro ulgamynyň gerimini giňeltmek meýilleşdirilýär.

Related posts

Täze dokma toplumy işe giriziler

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: türk işewürleri dokma önümlerini satyn aldy

Türkmenistan Awstriýanyň wodorod energetika tejribesi bilen gyzyklanýar