SPORT

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Albaniýanyň paýtagtynda Yslam raýdaşlyk assosiasiýasynyň sport geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň 13-nji mejlisinde kuraş sporty boýunça möhüm karar kabul edildi.

Şonuň netijesinde, Özbegistanyň milli sporty hasaplanýan kuraş sportuny 2025-nji ýylda Saud Arabystanyda geçiriljek Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşmak babatda çözgüt kabul edildi. Bu barada Halkara Kuraş assosiasiýasy habar berdi.
Bu mejlisiň çäklerinde Yslam raýdaşlyk assosiasiýasy bilen Halkara Kuraş assosiasiýasynyň arasynda duşuşyk geçirilip, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
6-njy Yslam raýdaşlyk oýunlary 2025-nji ýylyň 7-21-nji noýabrynda Saud Arabystanyda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady