BILIM

Türkmenistan-Hytaý: ylym ulgamynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy

Paýtagtymyz Aşgabatda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Bu forum iki ýurduň arasynda ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen forumda himiýa we tehnologiýa innowasiýalary, tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek, nanotehnologiýa, biotehnologiýa, oba hojalygy, seýsmologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasynda birnäçe özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi.

GOL ÇEKILEN RESMINAMALAR:

  1. Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyş-çalyş merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  2. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaýyň Ylymlar Akademiýasynyň Mikrobiologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  3. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaýyň Týanszin ylmy-tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama:
  4. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Inžener ýylylyk fizikasy institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  5. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Hytaýyň Ýertitremeler administrasiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyk.

Şeýle hem forumyň netijesinde hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji Teswirnamasyna gol çekildi. Gol çekilen resminamalar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berer.

Ýene-de okaň

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri