BILIMJEMGYÝET

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýaşlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermek barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa hasabatynda türkmen ýaşlaryny Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermek barada belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlary, matematika we tebigy ylymlary ugurlary boýunça ibermegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýa Respublikasynyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek babatda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi