SPORT

Dünýädäki iň garry futbolçy täze kluba geçdi

Ýaponiýanyň dördünji diwizionynda çykyş edýän “Atletiko Suzuka” topary 57 ýaşly Kazuýoşi Miurany “Ýokogama” toparyndan kärendesine aldy.

Ýapon futbolçy täze toparynda 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli çykyş eder.

Hüjümçi häzirki kluby üçin iýul aýynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ýaponiýanyň futbol ligasynyň iň garry oýunçysy boldy. Miura çempionatynyň indiki möwsüminde oýnamak isleýär.

Miura 1992-nji ýylda Aziýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. 1990-2000-nji ýyllar aralygynda milli ýygyndyda çykyş edip, 89 duşuşykda 55 gezek tapatuwtlandy. 1992-nji ýylda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen Aziýanyň hem-de Afrikanyň kubogyny aldy.

Futbol karýersynda 18 dereje gazanan weteran futbolçy 4 gezek Ýaponiýanyň we bir gezek Horwatiýanyň çempion boldy.

Related posts

Türkmenistanly eminler halkara ýaryşda eminlik etdiler

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” rekord transferi amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri