ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp 2025-nji ýylyň ýanwarynda kasma kabul edip, döwlet baştutanlygy wezipesine girişer. Saýlanan Prezident şu wagtdan täze hökümetini düzmek üçin degişli dalaşgärlere teklipler hödürleýär.
Ol Günorta Dakotanyň gubernatory Kristi Noemiň Içerki howpsuzlyk ministri hökmünde saýlap aldy we oňa bu teklibi etdi.
ABŞ-nyň metbugatynyň habaryna görä, Tramp täze hökümeti dolulygyna düzdi.
– Günorta Dakotanyň gubernatory Içerki howpsuzlyk ministri wezipesine bellener – diýlip, Trampyň beýanatynda bellenilýär.
Şeýle hem ABŞ-nyň täze goranmak ministriniň “Fox News” teleýaýlymynyň alypbaryjysy, Ameirkanyň goşunynyň weterany Pit Hegset, Merkezi aňtaw edarasynyň ýolbaşçysynyň bolsa, Jon Retkliff bolmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Donald Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy döwründe uly goldaw beren dünýäniň iň baý işewüri Ilon Maska hem wezipe teklip etdi. Ol Ilon Mask we Respublikan partiýasyndan prezident wezipesine dalaşgär görkezilen Wiwek Ramaswami üçin ABŞ-nyň Hökümetiniň netijelilig boýunça täze müdirligiň başlygy wezipesini bilelikde alyp barmagy teklip etdi.