DÜNÝÄ

Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana bardy

Ertir, ýagny 6-njy noýabrda Gyrgyz Respublikasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Bu sammite gatnaşmak maksady bilen Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana bardy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de maşgalasy Emine Ärdogany “Manas” halkara howa menzilinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de maşgalasy Aýgül Žaparowa garşylady.

Howa menzilinde döwlet Baştutanlary gyrgyz sungat ussatlary tarapyndan türk we gyrgyz aýdym-sazlaryndan ybarat bolan gysga konserte tomaşa etdiler.

Şu gün iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy hem-de strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşiň 6-njy mejlisi geçiriler.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany bolsa, “Manas” halkara howa menzilinde Gyrgyzystanyň  Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady.

Wiktor Orban saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklere gatnaşar.

Şeýle hem Prezident Ärdogan hem-de Wiktor Orban ertir Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 11-nji sammitine gatnaşar. Sammite gurama agza döwletleriň – Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary, şeýle hem guramanyň synçy agzalarynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy