DÜNÝÄ

Konsullyk, serhet we gümrük boýunça türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen hökümetara toparyň 15-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.

Bu mejlis dostlukly ýagdaýda geçip, onuň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.

Related posts

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklip edildi

Çabahar porty boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň wekilleriniň duşuşygy

Yabancıların Dikkatine: Göç İdaresi Genel Müdürlüğü

vepa