JEMGYÝET

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň daşary işler ministrleriniň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

Şeýle hem duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sadik Imomi gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üpjünçilik, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk we malglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlarynda utgaşykly görnüşde duşuşyklar geçirildi.

Taraplar gün tertibiniň esasy meseleleri, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki taslamalry durmuşa geçirmek babatdaky garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň bilelikdäki beýanaty hem-de “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edildi.

Şeýle hem “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň daşary işler ministrleriniň 17-nji mejlisi gatnaşyjylary Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol kabul etdi.

 

Ýene-de okaň

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar