ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ol barada internetde-de, metbugat sahypalarynda-da maglumat kän, gyzyklanýanlar bilýändirler. Kärdeşleriniň, muşdaklarynyň köpüsi onuň iki roman, dokuz powest, elli töweregi hekaýa ýazandygyndan, iki sany goşgular ýygyndysynyň bardygyndan, goşgularyna birnäçe aýdymlaryň döredilendiginden habarlydyr. Çeper eser ýaly ýazan edebi makalalary-da kän. Balzakdan — Bulgakowa, Çehowdan — Aýtmatowa, Jek Londonyň «Marten Idenine», amerikan ýazyjysy Toni Robbinskiý «Özüne erk etmek hakyndaky kitap», SSSR halklarynyň onlarça awtorlarynyň eserlerinden alty müň sahypa töweregi terjime edendigini bilýärler. Ýazyjynyň «Saragt galasy» romany altmyş bäş müň nusga bilen türkmen, iki ýüz müň nusga bilen rus, otuz müň nusga bilen bolgar dilinde, «Keseki» romany üç ýüz müň nusga bilen rus dilinde çap boldy. Atajan Taganyň başga dillere terjime edilen eserleriniň tiražy 900 ýüz müňe ýetýär, olara ýazylan ýokary hilli synyň özi esli bar. Onuň öz eserlerinden ýazan ssenarilerine bäş kino film döredildi. Birnäçe drama eserleri sahnalaşdyryldy. «Aýylganç baharyň şol jybarly güni» atly powesti boýunça  Eduard Rejebowyň döreden «Tentek» (Ohlamon) filmini bir mahal görüpdim. Filmiň gahrymanlarynyň: «Hwatit Maýsa!» ýa-da «Strelýaý Gat!» diýýän sözlerem ýadymda, ýöne mazmuny hakynda çynlakaý gyzyklanyp ýakynda şol filmi internetden alyp gaýtadan gördüm. Öň ýüzleý sereden ekenim. Asyl ol filmde halkara derejesinde düýpli oýlandyrýan meseleler gozgalýar.

Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy, «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri» diýen hormatly atlaryň eýesi Atajan aga ýurdumyzyň çäginden uzaklarda-da giňden tanalýan ýazyjy. Onuň döredijiligine dünýä halklarynyň hormaty uly. Milli edebiýatymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň wekilleriniň mertebelenmegi bolsa,  halkymyza goýulýan beýik hormatdyr. Doganlyk Özbegistanyň prezidenti Şawgat Mirziýoýewiň özbek-türkmen medeni festiwalyna ýollan gutlagynda nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri Azadynyň, Andalybyň, Mollanepesiň, Magtymgulynyň ady bilen birlikde Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr Derýaýewiň hemem Atajan Taganyň ady nygtalýar. Onuň döredijiligi bilen bagly şunuň ýaly maglumatlar başga-da bar. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtda — Berlinde, türki dilli prozanyň nowella žanrynyň ussady hökmünde Atajan Taganyň «Hekaýa agşamynyň» geçirilmegi, anyk ýadymda däl Germaniýanyň bir neşirýatynyň «Keseki» romanyny dünýäniň onlaýn-kitap dükanlaryna ýaýratmagy, Nýu-ýorkuň «Älemiň sesi» hepdelik gazetiniň roman bilen okyjylaryny tanyşdyrmagy, Daşkendiň «Jahan adabiýoty» žurnalynyň bir ýylky sanynda romany dolulygyna çap etmegi, «Uzbekiston» neşirýatynyň «Begona» («Bigäne») ady bilen kitap edip çykarandygy, 2022-nji ýylda Fransiýanyň Aşgabatdaky «Fransiýa instituty»-nyň awtoryň «Keseki» romanyny fransuz diline terjime etmek meselesi bilen okyjylar duşuşygyny geçirmegi, oňa köp sanly okyjylardan başga-da Fransiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçileriniň gatnaşandygy hakyndaky maglumat aýdyň subutnama. Arada şular dogrusynda söhbet edenimizde ýaşuly ýazyjymyz Atajan Tagana maslahatçy halypalarymyň biri Aman Goşaýew: «Gurjagy köşeşdiren gojadyr ol» diýdi. Belki ol, şu waka bilen bagly aýdýandyr.

Bir gün redaksiýa «Aglasy gelýän gurjak kimiňki bolmaly?» diýen sözbaşy bilen hat gelýär. Şol hatyň mazmuny şeýle:

— «Aglama gurjak,

Seni eý, görjek,

Tikip täzeje

Köýnek geýdirjek.

Onsoň bileje,

Ýöräp çalaja,

Gideris baga,

Biz gezelenje».

Ilki öz çagalaryma, soň agtyklaryma balalar bagyna gatnanlarynda öwredilen «Aglama gurjak» atly sekiz setir  goşgujyk uly adamlaryňam ýadynda galdy. Takmynan elli ýyl bäri eşidip ýöremsoň, özümem onuň sözlerini ýatdan bilýän. Asyl ol goşgyny bilmeýänem ýok bolsa gerek. Emma bir düşnüksizlik bar. Başda ol goşgynyň awtorynyň kimdigini bilmeýärdik. Soň ol okuw kitaplarynda köp ýyllap başga biriniňki bolup gitdi. Geçen ýyl çagalara niýetlenen «Geliň, aýdym aýdalyň!» diýen kitapça elime düşdi. Şonda men «Aglama gurjaga» meşhur kompozitor Weli Ahmedowyň saz ýazandygyny, onuň sözleriniň bolsa çagalar şahyry Kaýum Taňrygulyýewiňkidigini bildim.

Geň zat: «Güneş» çagalar žurnaly 2013-nji ýylyň 4-nji sanynda «Aglama gurjagy» türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edipdir-de, awtoryny Atajan Tagan diýip görkezipdir.

Bu nähili bulaşyklyk? Ol biçäre gurjak indi öz eýesiniň kimdigini anyk bilmän, şeýdip aglap ýörmelimikä?». Hajy Şageldiýew, Aşgabat şäheri.

Okyjynyň hatyna bolsa «Güneş» žurnalynyň şol wagtky bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew:

«Dogrudanam bu geň waka. Iki oýnam goşgynyň üç awtoryň adyna berilmegini onuň tas dördünji awtora berläýmeli bolan taryhynda bilýärin. Goşgynyň kitaba biriniňki bolup girmegi, saz ýazylanda ýene bir awtoryň ady bilen gitmegi-hä has-da düşnüksiz.

Goşgynyň okuw kitaplarynda başga şahyryň ady bilen çap bolandygyndan onuň hakyky awtory habarly eken. Emma ol «iki bent goşgy üçin» arz-şikaýat edýän ýaly bolup görnäýmekden gaçyp, kitaby çykaran neşirýata-da, kitabyň awtoryna-da hiç zat diýmändir.

Ýöne «Güneş» žurnaly dogry ýazýar. «Aglama gurjagyň» hakyky awtory Atajan Tagan bolmaly. Ol ilkinji gezek «Pioner» žurnalynyň 1960-njy ýyldaky 1-nji sanynda ýaş şahyr Atajan aganyňky diýlip çap edilendigine men şaýat. Sebäbi ol žurnal meniň şahsy kitaphanamda bar» diýip jogap ýazypdyr.

Atajan aga diňe şojagaz goşgusy bilenem taryhda galjak diýip, ýakynda Aman aga jaň etdim-de,  halypa ýazyjy Atajan Tagan hakynda makala ýazýan, sözbaşysyna siziň jümläňizi goýasym gelýär diýdim. Ol güldi-de: «Atajan Tagan öýlenende toýuna Beki Seýtäkowy çagyrypdyr. Beki aga-da toýuny gutlap: «Men bir hemme adamyň toýuna baryp ýören däl» diýýär. Atajan aga: «Wah, men adam dälligim üçin sizi toýuma çagyrýan» diýipdir.

Ol toý güni märekäniň arasynda Beki aganyň oturanyny görýär. Işe çykansoň: «Beki aga, toýa baranyň-a gördüm, ýöne size gowuja hyzmat edildimi? Iýip-içdiňizmi?» diýip soraýar. Onda Beki aga: «Men toýuňyza iýmek-içmek üçin barmadym, ýöne şu samsyga kim barýarka?» diýip görmäge bardym — diýýär. Şu degişmäni Atajan aganyň özi gülüp gürrüň berdi. Ol göwni açyk, degişgen ýaşuly. Çary Aşyr ikisi halky dilde, sadaja sözler bilen gören-eşiden wakalaryny bolşy ýalyjak ýazýan ýazyjydyr. «Saragt galasy» romanyny ýazýarka akademik Myrat Annanepesow oňa taryhy çeşmelerden: «Hiç wagt ýomudyň gylyjy tekäniň öýüni çapmaz» diýen bir jümläniň wakasyny gürrüň berýär. Hemem ol jümläniň şol wagtky hanlaryň agzybirlik, birek-birek bilen düşünişmek hakynda aladalanýandygy bilen bagly aýdylan sözlerdigini düşündirýär. Atajan agada şol jümläni eserinde ulanýar. Emma oňa dogry düşünilmän: «Sen şu jümläni nireden aldyň?» diýip ondan ýerli-ýerden soraýarlar. Onuň ýoldaşa, dosta wepalylygy, mertligi. «Aý, arhiw çeşmeleri öwrenýärkäm bir ýerde gabat geldi-de, ulanaýdym» diýip Myrat Annanepesowyň adyny aýtmandyr» diýip gürrüň berdi.

Taryhy eserleri ýazmagam, okap oňa düşünmegem ýeňil däl, ýöne gowy tarapyny görjek bolmaly. Özüm-ä dogrusy, onuň uly eserlerini okamadym. Sebäbi roman okamaga kanagatym ýetenok, ýöne hekaýalaryny hemem gysgajyk kyssalaryny, makalalaryny, goşgularyny okaýan. Bir mahal «Bossan eje» atly hekaýasyny okapdym. Ol eserlerinde gahrymanyň häsiýetini açmaga ökde. Gahrymanyň aýdýan sözlerinde, hereketlerinde onuň häsiýetini beletlik bilen beýan edýär. Käte Bossan ejäniň häsiýetine meňzeş enä duşsam Atajan aganyň şol hekaýasy ýadyma düşýär.

Soňky wagtlar Atajan aga meni her gezek baýramçylykda öýümize jaň edip gutlaýar. Özem çalt-çalt gürleýär-de, bir zatlar aýtjak bolýaň welin, diňlemän derrew telefony öçürýär. Şu gezek baýramçylyk güni menem ýaşulyny öýlerine baryp gutladym. Gapylaryndan girenimden bir pursat ýadyma düşdi. On-onki ýyllykda paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde ýazyjy-şahyrlaň döredijilik duşuşygy geçirildi. Seýilgähdäki oturgyçlar adamdan doludy. «Edebiýat we sungat» gazetiniň kätibi Akjemal gelneje pahyr bilen bagyň kölegesinde durduk. Kimdir biriniň goşgy okaýan sesi eşidildi. Ýurdumyza gelen myhmanlaň biridir öýtdüm. Töweregime seretsem Atajan aga «Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?» diýip, iki-üç sany myhman kärdeşlerine Azerbaýjan halkynyň belli şahyry Samat Wurgunyň goşgusyny onuň öz dilinde ýatdan aýdyp dur. «Goşgyny awtoram şuň ýaly gowy ýa okandyr, ýa-da okan däldir» diýenimi duýman galdym. Akjemal gelneje onuň zehinine göwniýetijilik bilen: «Ol Atajan Tagan ahyry» diýip buýsançly sözleri aýdypdy. Şonda Atajan agany ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görşümdi. Sebäbi öň ony diňe eserleriniň üsti bilen gaýybana tanaýardym.

Öýüniň bosagasynda durkam onuň şol gezek okan goşgusy özi üçin ýazylan ýaly duýuldy. Kän wagt bäri görüşmän ýördük. Biz öň «Metbugat öýi» toplumynda işleýärkäk her gün diýen ýaly ýolagçy awtoulagynda gabatlaşýardyk. Atajan aga şo mahallaram eli hasalydy, ýöne häzir diýseň gojalypdyr. Şadyýanlygy, mähribanlygy, degişgenligi welin şol öňküligi. Elindäki hasasyna söýenip durşuna töre geçmegimizi mürähet etdi. Ýaşulynyň gulagy öňem agyrrakdy, ýöne indi öňkiň çeni däl eken. Gürrüňdeş boljak bolýas welin, halys  eşidenok. Gulaklyk dakyndy, gaýta ol enjamyň sesem ala-zenzele, gep-üýn alşar ýaly däl. Onsoň «sowalym bolsa, kagyza ýazyp okadaryn» diýip öňünde ýazgy goýdum-da, maşgalasy Sona gelneje bilen gürrüňdeş bolduk. Sona gelneje diş lukmany bolup işläpdir. Häzir pensiýada. Atajan aga bilen 1974-nji ýylda durmuş gurupdyrlar. Bir ogul, bir gyz perzentlerinden üç agtygynyň bardygyny aýtdy. Toý tutanyňyza 50 ýyl bolupdyr. Gelneje, Atajan aganyň häsiýetine belet bolansyňyz?— diýip söz açdym. — Munuň bilen ýaşaşmak gaty kyn. Öte sowatly, edebiýata berlen, işjanly, oňa sözüm ýok, ýöne häsiýeti juda agyr. Öz diýenli, erkin pikirli adam. Moskwada 20 ýyl töweregi ýaşadyk. Öýümize beýik-beýik sungat adamlary barardy. Ählisi zehinli adamlar, ýöne köpüsiniň ykbaly, maşgala durmuşy şowsuz boldy. Agam Juma Jumadurdyýewem sungat wekilidi. Onuňam ykbaly oňly bolmady. Olaryň döredijilik dünýäsine düşünýän ýan ýoldaşlary bolmanlygy üçin şeýle ykballaryna gynanýardym. Atajanyň durmuşynyňam şo zeýilli bolmazlygy üçin çydadym — diýdi. Häsiýetini üýtgetmek üçin synanyşmadyňyzmy? — diýip ýene sowal berdim. Ol: — Moskwada ýaşaýardyk. Çagalarymyň kiçi wagtlarydy. Atajan ýygnak diýip, gurultaýlara gatnaşmak üçin  kän giderdi. Bir gün öýe gaty giç geldi. Ertesi «8-nji Mart» günüdi. Penjireden seretsem ýakynymyzdaky gül satylýan dükanyň öňünde erkek kişiler hatar bolup nobata durlar. Şonda: «Atajan, tur, ukudan oýan-da äpişgeden seret. Iller aýallaryny «8-nji mart» baýramy bilen gutlamak üçin gül alyp barýarlar. Sen welin ýatyrsyň» diýdim. Hiç zat diýmän ýerinden turdy. El-ýüzüni ýuwdy-da daş çykdy. Bir az  salymdan ullakan sebedi dolduryp gül alyp gapydan girdi. Gülleň ýekeje biriniň bahasy uly puldy. Bu welin, ähli puluny güle harçlap geläýipdir. «Wah, şunça puly sowan bolsaň, indi aýlyga çenli nähili oňňut ederis» diýip hyrçymy dişledim. Şondan soň gaýdyp Atajana hiç wagt igenmedim» diýdi. Ynha, şujagaz pursatlaryň gürrüňiniň özi olaryň hiç wagtam bol-elin  durmuşda ýaşamandygynyň subutnamasy. Sona gelneje gürrüň berip otyr welin Atajan aga: «Gulagyň eşitmese, öz gürrüňiň edilýän ýaly. Meni ýamanlaýamy?» diýip sorady. Sag elimiň başam barmagyny galdyryp: «sizi öwýä» diýip agzymyň hereketi bilen düşündirýän. Gelnejäniň gürrüňlerine-de hezil edip gülýäs welin Atajan aga: «Elli ýyl ýaşaşyp men-ä şeýdip güldüren ýeriň ýok» diýip, gülkünç keşpde Sona gelnejä seredýär. Hasam gülkimiz tutup öýüň içinde sahna oýnuna tomaşa edýän ýaly bolduk.

Şo ýaşa ýetsek özümizem Atajan agadan gowy bolasymyz ýok-la, abraý bersin. Hiç zat eşitmän otyr welin nebsiňem agyrýar, ýöne ýaşulynyň ýatkeşligi güýçli eken. Tüweleme, üç-dört goşgusyny şeýlebir çeper, däne-däne edip ýatdan aýdyp berdi. Ilki bilen «Onsekiz manat hakynda elegiýa» goşgusyny aýtdy. Onuň bir mahal: «Adamkärçiligine, zehinine sarpa goýýanym Akgül galamdaşyma rowaçlyk diläp. Atajan Tagan. 2017. diýip gol goýup beren suratly ýazgylaryny kagyz bukjada saklap goýupdym. Şol ýazgylarynyň arasynda «Kyrk ýylda ýazylan kitap (gündelik — esse). Ömür ýolumyň beýany hasaplaýan şu ýazgylarymy 1943-nji ýylyň 23-nji iýulynda, Beýik Watançylyk urşunda, Orýol şäheriniň eteginde 31 ýaşyndaka wepat bolan kakam Tagan Öweziň, onuň yzynda galan çagalary: 11 ýaşly Ilamany, 8 ýaşly Gurbangözeli, 5 ýaşly Öwezgeldini, 2,5 ýaşly Atajany aýaga galdyrmak üçin agyr döwürde azap çeken ejem Annagözel Pürli gyzynyň hem enem Gurbanjemal Sähetdurdy gyzynyň ruhlaryna bagyşlaýaryn. Awtor. Üçünji — soňky nusga» diýen maglumat bar. Şonda şol goşgyny okapdym, ýöne çagalyk ýyllarynyň ýeňil geçmedik pursatlarynyň şygyr bilen keşbini çeken ýaşulynyň goşgusyny özi okady welin biparh diňlemek mümkin däl. Soňra «Ýalňyşdym» atly goşgusyny okady. Her setiri, edil gysgadan manyly ýatlamalary ýaly şeýlebir täsirli. Goşgynyň soňunda:

«Belki-de meň bu jahana

Gelmegimiň özi ýalňyşlyk» diýip jemläpdir. Oňa hiç-hili jogap tapmadym, diňe gözlerimden biygtyýar togalanýan göz ýaşymy sylyp otyryn. Ýaşy bir çene ýeten ýaşulynyň geçen ykbal ýoluna ser salyp, äden ädimleri hakyndaky oýlanmalary juda tolgundyrdy.

Onuň kitap tekjesindäki suratlaryny synladym. Birdenem diýseň galyň kitapda ünsüm eglendi. Juda agramly kitaby zordan göterip tekjeden düşürdim. 2022-nji ýylda Moskwada çap edilipdir. Bir topar döwletleriň ýazyjylarynyň hekaýalaryndan ybarat bolan antologiýa Atajan aganyňam eseri girizilipdir. Soňra ýene bir gowy kitaba gözüm düşdi. «Kyrk ýylda ýazylan kitap». Ahyry neşir edilipdir-ow, diýip kitaby elime aldym. Atajan aganyň bu kitabyndaky ýatlamalarynyň köpüsini öň metbugat sahypalarynda bölekleýin okapdym. Daşy bezelen agramly kitap bolupdyr. Ilkinji sahypasyny açanymdan juda owadan elýazmada ýazylan ýazgy bada-bat ünsümi çekdi. «Minnetdar okyjydan awtora. Gymmatly gündeligiň sahypalary ýitip, ýok bolup gitmesin diýip, ony ýeke-täk nusgalykda sahaplan — pereňli ýesiri on dört aýlap gapysynda saklan Berdimyrat goňuryň ýuwlugy Aşyr hajy Salyh oglundan Atajan agamyza uly hormat bilen. 8.09.2014.ý. M.Ş. J.» diýlip ýazylypdyr.

Kim bende bolsaňyzam ömrüňiz uzak bolsun! Awtoryň ukusyz geçiren gijelerine, her gahrymanynyň ykbalynyň dünýäsinde ýaşap ejir çekdiren ýüregine hormat goýýan şeýle okyjylaryň sany kän bolsun. El ýazmasyndanam bisowat okyjy däldigine göz ýetirip bolýar, sogabyna ýazylsyn — diýip dileg etdim. Birdenem şu kitap bilen bagly bir pursat ýadyma düşdi. O wagtlar «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda işleýärdim. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda halypalar hakynda ýazan ýatlamalarym çap bolsa, Atajan aga hökman gelip sag bolsun aýdyp gidýärdi. Bir gün irden işe barsam stolumyň üstünde bäş-on sahypa ýazgy dur. «Şulary redaktirläp bermegiňizi haýyş edýän. Atajan Tagan» diýip goýup gidipdir. Geň galdym. Ýazgylary okap gördüm-de, uly halypa bolansoň düzediş girizmäge çekindim. Onsoň hemme sahypanyň göçürmesini taýýarladym-da, asyl nusgasyna el degirmedim. Göçürmesini okap diňe harp ýalňyşlaryny düzedip iş otagynda goýup gaýtdym. Ertesi işe barsam öňümde eli hasaly Atajan aga dur. «Men saňa korrekturasyna seret diýmedim-ä, redaktirle diýip haýyş etdim» diýdi-de elindäki ýazgylary gaýtadan elime tutdurdy. Atajan aga, düzediş girizsem gaty görmersiňizmi? — diýdim. «Arkaýyn bol» diýip gitdi. Başardygymdan düzetdim. Ýazylan ýazgysy gaty manylydy, ýöne gönümel ýazylypdyr. Aýdylýan pikiriň mazmunyny üýtgetmedim, diňe zenan häsiýetine mahsus sypaýyçylyk bilen beýan etdim. Bölek kagyzyň ýüzüne-de, «halypa bagyşlarsyňyz-da, bar başarnygymdyr» diýip ýazdym-da, otagdaş kärdeşine goýup gaýtdym. Birki hepde geçdi welin Atajan aga gabat geldi. Zaldan ýöräp barýan eken. «Köp sag bol, minnetdar. Sen düzedeňsoň, hekaýamdan galany gazetde eýýäm çap boldy, öň yzyna gaýtarypdylar» diýdi. Uly halypadan şeýle sözleri eşitmek diýseň ýakymly boldy.

Bir günem irden işe barýarkam 6-lyk awtobusdan düşdüm welin, yzky gapydan Atajan aga-da düşüpdir. Görmändirin «Garaş» diýip yzymdan gygyrdy. Durup, ýany bilen ýöräp ugradyk. Saglyk-amanlyk soraşdy-da: — Saňa bir sowalym bar. — Aýdyň, Atajan aga! — «Ternawlardan suwlar akyp, Nowruz gary eräp durka» diýip başlaýan aýdymy bilýäňmi? — Hawa. Kerim aganyň goşgusyna, Sahy aganyň sazyna döredilen aýdym. — Şol aýdymdaky suwlar akyp diýilmegine nähili garaýaňyz? Suw suw bolarda, suwlar diýilmegi meniň üçin-ä birhiliräk — diýdi. Menem: «Atajan aga, ternaw diňe siziň ýada biziň jaýymyzyň üstünde ýoga, hemmeleň jaýynda bar. Ternawlardanam suw däl-de, suwlar akar-da. Onsoňam ol bir, iki sany meşhur halypanyň döreden hem halkyň kalbynda näçe ýyllap ýaşap ýören aýdym. Bu pikir nireden kelläňize geldi. Islendik zady halkyň kabul etmegi ýeterlik. Ikimiz halk däl ahyry — diýdim. Baş atyp makullady. Belki ol, meni synagdan geçirip aýdan bolmagy mümkin.

«Kyrk ýylda ýazylan kitabyny» öýde okamak üçin alyp gaýtdym. Atajan aganyň döredijiligi hakynda dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda ýazylan makalalara-da gabat geldim. Onuň özünuňem göwni ýeten adamlary hakynda-da, göwniýetmedik eserleri hakynda-da, ylmy seljermeler bilen jedelli ýazan makalalary-da bar. Garaz, kän maglumatlary gaýtadan okap çykdym. Makalalardan hem-ä Atajan agany öwrenip bolýar hemem ýazan adamlaryny öwrenip bolýar. Esasanam onuň özüniň edebiýat üçin berlenligine, işjanlylygyna, juda gönümelligine, degişgenligine göz ýetirip bolýar. Gowy tarapy özüne aýdylan belliklerem gowumy, erbetmi gizlejek bolup duranok. Aman Goşaýewiň aýdyşy ýaly bolşy ýaly ýazýar.

Goşgularyny söýüp okaýan şahyrym Berdinazar Hudaýnazarow bilen bagly ýazan bir pursadyny ýatlasym geldi. Makaladan bölek: «Men Berdinazar Hudaýnazarowyň «Gyzgyn sähra epopeýasyndan başlap, romanlarynyň, maýdaja goşgularynyň hemmesi bolmasa-da köpüsini okan bolsam gerek. Şonuň üçin okyjy hökmünde: «Hudaýnazarow öz poeziýasynyň zeleline proza ýazmak üçin wagt ýitirmeli däl» diýen netijä geldim. Ýöne seniň poeziýaň derejesine ýetip goşgy ýazyp biljek şahyr türkmen edebiýatynda entek ýok. Ol goşgulary diňe Berdinazar Hudaýnazarow döredip bilýär. Bir-ä şonuň üçin, birem adam ömrüniň, onda-da şahyrlyk ömrüniň örän çäklidigini, türkmen poeziýasynyň bolsa, entek ösmegini göz öňünde tutup, sen proza ýazmak üçin wagt sarp etmän, ähli wagtyňy diňe poeziýa bagyşlamaly…»

Ýaşuly maňa agras nazaryny aýlady… — Be-e, beýle boldy-ow! Men bu pikir barada oýlanmaly. Sebäbi indi siz iki bolduňyz. Seniň ýaňky sözleriňi birki ýyllykda dostum Kazbek hem aýdypdy. Sen ony tanaýaň. Oýlanmaly.

Ynha, şu gürrüňler bilenem ol öz gönümel häsiýetini hemem Berdinazar aganyň beýik häsiýetini görkezipdir. Bu elbetde, iki sany beýik ýazyjynyň milli edebiýatymyzyň ösmegi hakynda aladalanyp pikir alşanlaryndaky özara şahsy pikirleri. Olara dogry düşünmeli.

Atajan aga döredijilik ýolunda eserlerine ýüz görmän bellik aýdýan halypalara hemişe minnetdarlyk bildirýär. Olar hakynda hoşallyk sözlerini aýdýar. «Alym hökmünde Türkmenistanda hem onuň daşynda giňden tanalýan professor Öwezdurdy Muhammetberdiýew edebiýat bilen hem içgin gyzyklanýar. Sosiolog alymyň meniň hekaýalarymyň, aýratynam taryha degişli «Saragt galasy», «Keseki» romanlarymyň başky golýazmalaryny okap, ýazyjy galamdaşlarymyň etmedik bähbitli belliklerini etdi» diýip eserleriniň kämil bolmagy üçin gerek ýerinde tankydy bellikleriň aýdylmagyny zerur hasaplaýandygyny düşündirýär.  Özi şeýle pikirde bolansoň hemmelerem şeýledir öýdýän bolmaly, ýöne döredijilikde tankydy bellige dogry düşünmän halamaýanlaram kän ahyry.

Halypa şahyr Hemra Şirow neşirýatda işleýän wagtlary Atajan aganyň goşgular ýygyndysynyň redaktory bolupdyr. Ol: «Atajan aga bolan hormatym çäksiz. Ol bizden has sowatly. Moskwada türkmen edebiýatynyň wekili bolup işledi. Dünýä belli meşhur adamlar bilen işleşip baý tejribe toplady. Köptaraply zehinli halypamyzyň çeper žanrda keşbini döretmek maksady bilen onuň arhiw ýazgylarynyň esasynda «Sag bol, kaka», «Roman» atly hekaýalary hem «13-lik sanyň oýunlary» atly nowella ýazdym. «Sag bol, kaka» atly hekaýam «Watan» gazetinde çap boldy. Onuň «Saragt galasy» romanyna okyjy hökmünde degerli maslahatlaryny aýdan bir mekdepde bile okan dosty Amannazar Ilamanow «roman» atly hekaýamyň gahrymanlarynyň biri» diýip gürrüň berdi.

Atajan aganyň özem dostlaryny çyny bilen gowy görýär. Öýünde otyrys welin: «Wah, Atamyrat nähili gowy şahyrdy. Ir gitdi-dä. Onuň bilen özara degşip oturýardyk. Neressäň:

«Hiç kim oňa beýik şahyr diýmezdi,

Ýazyp ýören bolsa diri wagtynda.

Belki menem, hiç bir zenan söýmezdi,

Söýäýmedik bolsa Bibi wagtynda» diýen goşgusyna jogap ýazdym.

Sen-ä gökde ganat ýaýyp uçardyň,

Beýik diýlen bolsa diri wagtyňda.

Bu dünýeden sallah bolup geçerdiň,

Ýalňyşmadyk bolsa Bibi wagtynda — diýip doglan gününde okap berdim. Hezil edip güldi. Ol ýarawsyz keselhanada ýatyrka bimaza edip durmaýyn diýip ýygy-ýygydan öýlerine baryp halyny soraýardym. Bibem jaň edip: «Atajan aga seni alada edip öýe gelip ýagdaýyňy sorap durandyr» diýse: «Haçan öljegimi biljek bolýandyr?» diýip gülýän eken — diýip gözüni ýaşlap ýatlady.

Onuň iş otagyndaky stolunyň üstündäki ýazgylary gözden geçirdim. «Atajan Tagan geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Edebiýat institutynda okaýarka «Jaň sesi» diýen goşgusyny ýazýar. Ol aýdym häzir amerikan estradasynda aýdylýan ýeke-täk türkmen aýdymy bolmagy mümkindir. Türkmen metbugatynda çap bolan ol goşga häzir Nýu-Ýorkda ýaşaýan Türkmenistanyň halk artisti Ben Isaakow aýdym döredýär. Şeýlelikde ol amerikan estradasyna goşulýar. 2017-nji ýylda aýdymyň awtory onuň tehniki ýazgysyny «Atajan Tagana ýadygärlik» diýip iberipdir» diýen ýazgy bar eken. Birinji gezek eşiden maglumatym bolansoň, bu barada mirasgär kärdeşim Atamyrat Şagula gürrüň berdim. Ol: «Atajan aga zordur. Ol iň uly aýal doganym Dursunyň klasdaşy. Kä wagt jaňlaşanymyzda: «Dursunyň ýagdaýlary gowumy?» diýip soraýardy. Soňky wagtlar-a gulagy agyrlaşansoň jaňlaşybam bilemizok» diýip gürrüňini dowam etdi.

«Geçen asyryň aýaklarydy. Biz ol wagtlar M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde okaýardyk. Bir sapar obadan agamyň iberen kitaplaryny gowşurmak üçin kursdaşym Gutlymyrat Aşyrow bilen Türkmenistan ýazyjylar birleşiginiň Russiýadaky wekili Atajan agaň iş ýeri bolan Powarskaýa köçesiniň 52-nji jaýyna bardyk. Ýazyjy bizi güler ýüz bilen garşylady. Getiren kitaplarymyza hoşallyk bildirip:

— Öňki ýazan kitaplarymy täzeden gözden geçirsem täze eserlere gönezlik bolýar — diýip Annamuhammede sargyt edipdim. Alada edip tapyp iberipdir, sag bolsun — diýdi.

Atajan aga işiniň köpdügine garamazdan bize çaý hödür etmegiň aladasy bilen boldy. Biz oňa päsgel bermezlik üçin oturmajak bolduk. Ol:

— Uzak ilde duşuşyp, bir käse gök çaý içmesek bolmaz ahyry, hany ýaýdanmaň-da, bäriräk süýşüň — diýdi.

Uly adamyň hödürinden ýüz döndermegi gelşiksiz hasaplap biraz oturdyk.  Gaýtmakçy bolanymyzda ol bizi ýola çenli ugratdy. Duralga ýetenmizde bolsa elimizi gysdy-da:

— «Garyndaşyň garaňky ýerde üýni başga» diýipdirler, wagtyňyz bolsa gelip duruň oglanlar — diýdi. Atajan agaly şu ýatlamany gürrüň berenimde, Atajan aga bilen aga-ini ýaly gatnaşyp ýören kärdeşim Kakajan Pirjanow:

— Birki ýyllykda Atajan agaň 80 ýaşynyň dolanlygy mynasybetli  «Halypa – şägirtlik» duşuşygy geçirilip, oňa noutbuk kompýuteri sowgat berilýär. Duşuşykdan soň Atajan aga öňküje edähedi boýunça eli noutbukly duralga gelip, öýüne gaýtmak üçin awtobusa garaşyp durýar. Şol wagtam bir ýaş gyz — talyp bolara çemeli — ony tanap, ýanyna gelýär-de, eserlerini gyzyklanma bilen okaýandygyny, özüniňem döredijilik bilen meşgullanýandygyny aýdýar. Atajan aga ondan «Nämede ýazýaň, galam bilenmi, kompýuterdemi?» diýip soraýar. Ol gyz: «Kompýuterde ýazasym gelýä, ýöne…» diýýär welin, Atajan aga öňüne alyp oturan täzeje noutbugyny oňa uzadýar. Şol wagtam awtobus gelip, Atajan aga howlukmaçlyk bilen  ýerinden turup awtobusa ýönelýär. Ol gyz oňaýsyz ýagdaýa düşüp: «Atajan aga…» diýse-de ol: «Nesip etsin!» diýdi-de ulaga münup gitdi — diýip gürrüň berdi.

Bir gün Atajan agadan lebaply bir sada adam: «Şu Begençmyrat Esen diýýänleri Ümür Esenmi?» diýip sorapdyr.

Atajan aga ol bilse-de bilmedik bolýandyr öýdüp, agras keşbe girip degişgenlik bilen: — Ýok, olaň hersi aýry adam — diýip jogap beripdir.

Onda ýaňky adam: — Şeýledir-le. Arada maňa «olaň ikisi bir adam» diýdiler — diýipdir.

Onda Atajan aga: — «Ikisi bir adam» diýip, pikiri-üýni alyşýanlara aýdylýa. Olaň hersi birtüýsli adam, özem biri mugallym, beýlekisi mirasgär — diýipdir. Atajan aganyň şu hili degişme gürrüňlerem kändir — diýip hakydasynda galan ýatlamalary aýdyp berdi.

Ilçilikde Atajan aga bilen bagly täsin gürrüňler juda kän, ýöne olary bir makalanyň çäginde beýan etmek mümkin däl. Gowusy okyjyny ýadatman, makalamy şu pursat bilen jemläýin. Hoşlaşyp öýlerinden gaýtjak wagtymyz ellerimiň hereketi bilen düşündirip Atajan aga uzak ýaş dileg edýändigimi düşündirdim. Ol başyny ýaýkap: «Maňa indi uzak ýaş dileg etmäň, aýagyň ýöremese, gözüň gowy görmese, gulagyň eşitmese, uzak ýaşamak hökman däl» diýdi. Onuň şol sözleri aýdan pursadyndaky keşbi entek-entekler göz öňümden gider öýdemok…

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri