DÜNÝÄ

Sigeru Isiba – Ýaponiýanyň 102-nji Premýer-ministri

Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Sigeru Isiba ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Ol Ýaponiýanyň 102-nji Premýer-ministri boldy. Milli parlamentiň deputatlarynyň agramly bölegi oňa ses berdi.

Parlamentiň aşaky palatasynda geçirilen ses berlişikde Isiba 465 sesiň 291-sini aldy. Konstitusion-demokratik partiýanyň ýolbaşçysy Ýesihiko Noda bolsa deputatlaryň 100-si ses berdi.

Ýurduň täze daşary işler ministri wezipesine Takesi Iwaýa bellendi. Premýer-ministri Isiba täze hökümetini düzdi. Gen Nakatani goranmak ministri, Kasunoba Kato maliýe ministri, Ýedzi Muto ykdysadyýet, söwda we senagat ministri boldy.

Related posts

Bakuda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

Göwher daşy 40 million dollara satyldy

Türkmenistan bilen Russiýa 3 ýyllyk ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny taýýarlady