SPORT

Daşkentde gazanylan üstünlik: ýaş türkmen türgenleri 12 medal gazandy

Bir ýaryşda 12 medal. 40 döwletiň arasynda ilkinji onluk.

Gürrüň, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şährinde geçirilen kikboksing boýunça Dünýä çempionaty barada gidýär. 24-29-njy sentýabrda geçen bu çempionat dünýäniň 40 döwletinden 2 müň 500-den gowrak türgenlerini bir ýere jemledi. Bu barada Halkara habarlar portaly habar berýär.

IMG_3792.jpg

Ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 15 türgenimiz çykyş etdi.

Ozalam halkara bäsleşikleriň ençemesinde üstünlik gazanyp ýören kikboksçylarymyz bu gezek 7 altyn, 5 bürünç medalyň eýesi bolmagy başardylar. Medallaryň jemi boýunça ilkinji onluga girdiler.

Altyn medal gazanan türgenlerimiz:

  1. Orazmuhammedow Muhammetaly, 2015-nji ýylda doglan, 30 kg agram derejede.
  2. Rustamow Rasul, 2009-njy ýylda doglan, 42 kg agram derejede.
  3. Akmyradow Akmyrat, 2006-njy ýylda doglan, 67 kg agram derejede.
  4. Baltaýew Salamathan, 2007-nji ýylda doglan, 86 kg agram derejede.
  5. Woýewodin Kirill, 2007-nji ýylda doglan, 54 kg agram derejede.
  6. Joraýew Nurmuhammet, 2010-njy ýylda doglan, 52 kg agram derejede.
  7. Bekenow Serdar, 2007-nji ýylda doglan, 51 kg agram derejede.

IMG_7639.jpg

Bürünç medal gazanan türgenlerimiz:

  1. Mahmudow Guwanç, 2008-nji ýylda doglan, 51 kg agram derejede.
  2. Babaýew Guwanç, 2008-nji ýylda doglan, 48 kg agram derejede.
  3. Maýew Yhlas, 2008-nji ýylda doglan, 63,5 kg agram derejesinde.
  4. Geldimammedow Reşit, 2008-nji ýylda doglan, 60 kg agram derejesinde.
  5. Atabaýew Hangeldi, 2010-njy ýylda doglan, 47 kg agram derejesinde.

 

Ýene-de okaň

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýyl: sportda iň täsirli 50 zenan türgen

Ata Watan Eserleri

Modriç “Realyň” iň köp kubok gazanan futbolçysy boldy

FIFA Türkmenistanda futboly ösdürmek başlangyçlary goldaýar

Ata Watan Eserleri

“Real Madrid” ýene bir kubogyň eýesi boldy

Winisius – “Ýylyň iň gowy futbolçysy”