SPORT

Germaniýa we Şweýsariýa 1/4 finala çykdy

Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 1/8 finalyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Şweýsariýa Italiýadan, Germaniýa bolsa, Daniýadan üstün çykdy.

Şweýsariýanyň gazanan ýeňşi garaşylmadyk netijeleriň biri boldy. Soňky çempion Italiýa bu gezek hiç hili oňat oýun görkezip bilmedi. Oýunda turuwbaşdan netijeli oýun görkezen Şweýsariýa 37-nji minutda Remo Froýler hem-de 46-njy minutda Ruben Wargasyň gollayry bilen 2:0 hasabynda üstün çykdy.

2020-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň çempiony Italiýa bäsleşik bilen hoşlaşdy.

Şweýsariýa bolsa, 1/4 finalda Angliýa we Slowakiýanyň arasynda duşuşykda ýeňiş gazanan ýygyndy bilen duşuşar.

Ýer eýeleri Germaniýa hem Daniýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu duşuşykda Kaý Hawers 11-nji metrlik jerime ugrudan, şeýle hem ýygyndynyň ýaş futbolçylaryndan Musiala tapawutlandy.

Bu duşuşyk Germaniýda güýçli çagba ýagandygy üçin 25 minut togtadyldy.

Germaniýanyň 1/4 finaldaky garşydaşy Ispaniýa bilen Gruziýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady