DÜNÝÄ

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Katar Döwleti Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi.

Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

Umumy maglumat

Durnukly ulag ulgamynyň dostlary topary 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan döredildi we durnukly ykdysady ösüş goldamak maksady bilen durnukly ulag ulgamlarynyň ygtybarly, howpsuz we elýeter bolmagyny gaznamak ugrunda hereket edýän meýdança öwrüldi.

Related posts

Türkmenistanyň wekilýeti «Merkezi Aziýa- Ýaponiýa» gepleşikleriň ýokary wezipeli şahslaryň ýygnagyna gatnaşdylar

Tokionyň ilaty 14 milliona ýetdi

Ata Watan Eserleri

Hytaý toplumlaýyn 5G Internete geçýär