SPORT

Mbappe “PSŽ” topary bilen soňky kubogyny gazandy

Fransiýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “PSŽ” topary bilen “Lion” topary duşuşdy. Fransiýanyň çempiony bolan Kilian Mbappeli “PSŽ” topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, kubogy gazandy.

Çempion bolan hem-de kubogy gazanan toparyň ýyldyz futbolçysy Kilian Mbappe topary bilen soňky kubogyny gazandy. Geljek möwsümde Mbappeniň “Real Madrid” toparynda çykyş etmegine garaşylýar.

Ýeňiş  gazanan toparyň gollaryny 22-nji minutda Osman Dembele we 34-nji minutda Fabian Ruiz geçirdi.

Şeýlelikde, “PSŽ” topary 15-nji gezek Fransiýanyň Kubogyny gazandy.

Related posts

Türkmenistan dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

2022 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Messiden soňra Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?