BIZNES

Türkmenistan Gazagystandan armatura satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Kanat Şarlapaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystanyň degişli ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň diplomatik we ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürilýär. Strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2023-nji ýylda haryt dolanyşygy 563 million dollara deň bolup, ozalky ýyla görä, 22,5 göterim ösüş gazanyldy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Gazagystanda armatura satyn almaga taýýardygyny belläp, maý aýynda iki ýurduň arasynda ýerlenýän harytlaryň sanawyny giňletmek hem-de söwda möçberini artdyrmak boýunça iş toparynyň mejlisini geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Kanat Şarlapaýew öz gezeginde Aşgabat-siti iri möçberli taslama üçin gurluşyk materiallaryny üpjün etmek babatda degşli teklipleri taýýarlamagy garamagyndaky edaralara tabşyrdy.

Ilçi sement we aýna üpjün etmek teklibini öňe sürdi, ministr bolsa, Gazagystanyň aýna senagaty boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy we ilçi Türkmenistan Gazagystanda bar bolan leonardit – fenol uglewodorod mineral toplumyny satyn almaga bolan gyzyklanmasyny beýan etdi.

Mundan başga-da, taraplar şähergurluşyk, binagärçilik, şeýle hem gurluşykda seýsmiki durnuklylyk babatda terjibe alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary babatda pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi