BILIM

Türkmenistan bilen Awstriýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň gatnaşmagynda Graz şäherindäki Gras tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşygyň çäginde türkmen tarapy Gras tehniki uniwersitetiniň işi, düzüm bölekleri, kampuslary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelik-de, duşuşygyň barşynda taraplar öz teklipleri we çykyşlary bilen ýüzlendiler we geljekki hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Gras tehniki uniwersitetiniň arasynda özara Düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halkara ylym-bilim gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna iş sapary 13-nji marta çenli dowam eder.

Related posts

“Chevening”: talyp hakly okuw maksatnamasy

Ata Watan Eserleri

TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ENERGETIKA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

Ata Watan Eserleri

Amerikada ýokary bilim almak isleýänler üçin maglumat