JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji maslahatynyň kiçi düzümdäki duşuşygy geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji maslahatyna gatnaşmak üçin guramanyň agza we synçy döwletleriň aksakgallary paýtagtymyza geldi. Olaryň hatarynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew hem bar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji maslahatynyň kiçi düzümdäki duşuşygynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we guramanyň synçy agzasy Wengriýanyň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu kiçi düzümdäki duşuşykda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň “Hormatly aksakgaly” diýen hormatly adyny döretmek, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasyny, ýagny gazeti ýa-da žurnaly, şeýle hem web sahypasyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji maslahatynyň kiçi düzümdäki duşuşygyndan soňra bu maslahatyň Oraza aýynda geçirilýändigi üçin agzaçar-sadakasy berildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri