BIZNES

Türkmenistan Azerbaýjana 1,51 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gazy import etdi.

Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary şu döwürde Türkmenistandan tebigy gaz importynyň 2022-nji ýyldakydan (857 million kub metr) 77 göterim ýokarydygyny tassyklaýar.

Bahalar hakynda aýdylanda, geçen ýyl Türkmenistandan Azerbaýjana tebigy gazyň importy 218,22 million dollara barabar bolup, munuň özi 110,87 million dollar netije bilen jemlenen 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 96,8 göterim artykdyr.

2023-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 773,9 million dollara ýetendigini bellemek gerek. Bu bolsa 2022-nji ýylyň (535,39 million dollar) degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,5 göterim ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär.

Related posts

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Çäklendirmeleriň ulag pudagyna ýetirýän täsirini azaltmak üçin teklipler taýýarlanar

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy