DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Eýrana sapary

Ozal köp ýyllar Eýranda Türkmenistanyň ilçisi wezipesinde işlän, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Bu barada Eýranyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynyň syýasy işler boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri bilen duşuşdy.

Gurbanow we Bageri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekiki meýilnamalar boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem sebit we halkara meseleler boýunça maslahatlaşmalar boldy. Taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda geňeşmeleri dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Related posts

Türkmenistandan Gazagystandaky wakalar barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň heýkeli Rumyniýada dikeldiler

Waşington Trampyň wezipesine girişmek dabarasyna taýýar

Ata Watan Eserleri