BILIM

Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminamanyň taslamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribeleriň esasynda bilimiň hiline baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekde-de bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

Maldarçylyk barada täze okuw gollanmasy çapdan çykdy

Moskwa döwlet dil uniwersiteti bilim meýilnamalaryna türkmen dilini goşar

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklandy