BILIM

Türkmenistanda mart-aprel aýlarynda halkara olimpiadalar geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler.

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Related posts

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri