BILIM

Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminamanyň taslamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribeleriň esasynda bilimiň hiline baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekde-de bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Related posts

Ankara Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi: Talyp: 2021

vepa

Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Nippon hem-de JACAFA gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekdi