BIZNES

«Artyk-Lotfabad» nokadynda ýük daşamalar artdyrylar

Türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapdan wekiliýete Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow, Eýran tarapyndan wekiliýetine «Lotfabad» gümrük nokadynyň başlygy jenap Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen wekiliýeti gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekillerinden, «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň direktoryndan ybarat boldy. Duşuşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Taraplar «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu gümrük nokatlarynda işleýän edaralaryň wekilleriniň iş wagtyny uzaltmak meselesine, sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesi hem-de ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi.

Şeýle-de duşuşygyň gün tertibine iki gümrük nokatlaryň arasyndaky iki serhet derwezesiniň arasyndaky ýoluň eýran tarapyndaky bölegini abatlamak teklibi girizildi.

Ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça özara düşünişmege gelindi we taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer