Hytaýyň Milli energetika edarasy 2023-nji ýylda ýurduň tebigy gaz önümçiligi baradaky maglumatlary yglan etdi. Şoňa laýyklykda geçen ýyl ýurduň tebigy gaz önümçiligi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5,6 göterim ýokarlandy we 230 milliard kubmetre deň boldy.
Tebigy gaz önümçiliginde, slanes gazy we gaz gidraty ýaly “standart däl” gazlaryň öndürilişi jemi 96 milliard kubmetrden geçdi we tebigy gazyň 43 göterimini emele getirdi.
Önümçilikde Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Tarim basseýni, Içki Mongoliýa awtonom sebitiniň Ordos sebiti we Siçuan welaýaty öňdäki orunlary eýeledi.
Daşary ýurtdan hem köp möçberde tebigy gaz we nebit ýaly uglewodorod serişdelerini satyn alýan Hytaýda 2022-nji ýylda 364,6 milliard kubmetr tebigy gaz sarp edildi.
