BIZNES

“Dragon Oil” Çelekeniň ýanyndaky 3 ýatagy özleşdirmäge girişer

Dubaýyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, kompaniýa Çelekeniň golaýyndaky üç geljegi uly ýatagy özleşdirip başlar. Mundan ozal kompaniýanyň hünärmenleri bu sebitlerde umumy bahasy 35 million dollara durýan seýsmiki barlaglary geçirdiler. Olaryň netijesinde 19-njy uglewodorod blogy has uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada “Zawya” neşiri habar berýär.

“Kompaniýa ýakyn wagtda önümçiligi artdyrmak maksady bilen üç nebit ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Türkmenistan möhüm ähmiýetli nebit ýurdy hökmünde ägirt uly nebit we gaz mümkinçiliklere eýedir. Biziň Türkmenistanda iş alyp barmagymyz iki tarap üçin hem özara bähbitlidir. Ol bir tarapdan, döwletiň girdejililerini artdyryp, täze iş ýerlerini döredýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda 2 müňden gowrak işgäri bar. Biz maýa goýumlary giňeltmek arkaly bu ýerdäki ornumyzy has-da pugtalandyrmaga çalyşýarys” diýip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer belledi.

Kompaniýa Türkmenistanda 24 ýyldan bäri iş alyp barýar. Şu döwürde, kompaniýa ýurduň çäginde hususanda, günbatar sebitde nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi.

Related posts

Ulag forumy: 100-e golaý ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Ata Watan Eserleri

Yerli Üretime Teşvik : Cam ürünlerine Ek Gümrük Vergisi

vepa

Türkmenistan’da sınırsız İnternet’te kampanya

vepa