JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasy Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlagy iberdi. Şol hatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýändigi bellenilýär.

Hususan-da bu hatda şeýle diýilýär:

Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Türki Döwletleriň Guramasy Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türki dünýäniň çäklerinde ykdysady ösüşi gazanmak we medeni gatnaşyklary giňeltmek boýunça tagallalaryňyza, türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlylygyňyza ýokary baha berýär.

Goý, täze ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistana täze üstünlikleri getirsin!

Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Related posts

Türkmen metbugatynda-02.02.2019ý

vepa

Gazagystanyň Türkmenistandaky medeniýet günleri tamamlandy

vepa

Fuat Oktaý türkmen halkynyň milli Liderine gynanç bildirdi