JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sankt-Peterburga iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän GDA-nyň resmi däl sammitini Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin kabul edýär.

Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Sankt-Peterburg şäherine bardylar.

Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlary Sankt-Peterburg şäheriniň etegindäki Pawlow muzeý-goraghanasyna baryp gördüler. GDA-nyň Prezidentleri Peterburgyň etegindäki ajaýyp ýerleri hem-de imperator kabulhanalaryna baryp gördüler. 

Pawlow köşgi hem-de seýilgähi XVIII asyryň ahyrynda döredildi. Onuň ilkinji eýesi Pawel I bolupdyr. Köşgüň daş-töwereginde 600 gektar meýdanda seýilgäh zolagy döredilipdir. Bu ýerleri Ýekaterina II öz ogluna sowgat edipdir. Bu ýerdäki köşkde sunagt eserleri saklanyp galypdyr. Bu binalar toplumy ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizlipdir.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary Ýekaterina köşgüne hem baryp gördüler.

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkiýe bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Tokaýew: Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly möhüm ähmiýete eýedir