BIZNES

“Dragon Oil” kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy

BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Açylyş dabarasyna arap kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow gatnaşdy.

Türkmenistanyň öňden gelýän essy hyzmatdaş kompaniýalarynyň biri bolan “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda önüm paýlaşmak şertnamasy esasynda iş alyp barýar. Kompaniýa Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çägi özleşdirmek işlerine gatnaşýar.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşen. Kompaniýa 2000-nji ýylyň maý aýyndan bäri iş alyp barýar. Geçen döwürde operatoryň maýa goýumlary ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak boldy.

Related posts

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Ata Watan Eserleri

“Gazprom” Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagyny ýokarlandyrar

Türkmenistanyň tebigy gazy Pakistanyň ykdysadyýeti üçin möhüm