«Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
Şanly ýylyň ýaşlar bilen baglanyşykly kalplary joşa getiriji, şatlykly wakalary buýsançly başlary göge ýetirýär. Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylmagy, bu «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçy wezipeleriniň ýaşlara ynanylandygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Bu gün ýaşlaryň şäherinde bagtyýar durmuş, döredijilikli zähmet höküm sürýär.
Hormatly Prezidentimiz 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr» diýip aýtmak bilen, ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini bellemegi ulus-ilimizde gyzgyn hoşallygy döretdi. Öňde boljak maslahatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenjekdigi ýaş nesliň wekillerine bolan belent ynamy nobatdaky gezek alamatlandyrar.
Ýaşlaryň forumy şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirip, ýaşlaryň watançylyk ruhuny has belende göterer.
Gahryman Arkadagymyz: “Men Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny nygtaýaryn. Çünki ýaşlar döwletimiziň beýik geljegi, şu günki daýanjy, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýjüdir” diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ýaşlar üçin giň şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegine uly üns berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ilkinji tapgyry toý ruhunda ulanylmaga berlen Arkadag şäheri, hakykatdan-da, ýaşlaryň şäherine öwrülýär.
Ýaşlar ýurduň altyn hazynasy bolup durýar. Çünki ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegi hökmünde ýurduň ähli babatda ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar aýratyn üns, alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda bimöçber tagalla edýär.
Mekan Gaýypow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.